Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 28-nji awgust güni Minstrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky Mejlisinde ýurdumyzda 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine, 9-njy sentýabrda pagta ýygymyna girişmek boýunça ak pata berip, il sylagly ýaşulylarymyzdan "bisimilla" bilen güýzlik bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna girişmäge başlap bermegini haýyş etdi. Mälim bolşy ýaly peder ýoluny dowam etdirýän hormatly Prezidentimizin ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda obasenagat toplumyny ösdürmek, ýer eýelerini ähli taraplaýyn goldamak, olaryň işe bolan höwesini artdyrmak maksady bilen maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýär. Çünki, obasenagat toplumy ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde uly orun tutmak bilen mähriban Watanymyzda azyk bolçulygynyň döredilmeginde, ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanmagynda esasy orny eýeleýär. Ýurdumyzyň kärendeçi daýhanlarynyň yhlasly zähmetleriniň netijesinde kemala gelýän guşgursak ak bugdaýyň köp mukdarda ösdürilip ýetişdirilmegi saçaklarymyzyň mele-myssyk nandan doly bolmagyny üpjin etse, "ak altyna" deňelýän pagtanyň ösdürilmegi bolsa dokma senagatymyz üçin gymmatly çig mal hem-de ösümlik ýag almakda, iri şahly mallar üçin iým üpjinçiligini döretmekde esasy çig mal serişdesi bolup durýar. Hut şonuň üçin hem her ýyly kärendeçi daýhanlar köp mukdarda bugdaýdyr, "ak altynyň" bitginli hasylyny kemala getirýärler. Ýylyň-ýylyna dürli kysymly tehnikalaryň olaryň tirkeg gurallarynyň yzgider satyn alnyp berilmegi, tohum, dökün, suw, himiki serişdeler bilen doly üpjin edilmegi, önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi, pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlanmagy, 2019-njy ýyldan başlap kärendeçileriň öndüren önüminiň gaýtadan işlenen iýmlik önümleriniň 50 göterimini döwlet tarapyndan düzgünleşdirilen bahalardan daýhanlara berilmegi her bir kärendeçini öňküden-de gaýratly zähmet çekmäge, işe bolan höwesini artdyrmaga uly badalga berýär. Şular ýaly ajaýyp mümkinçiliklerden göwünleri galkynan kärendeçi babadaýhanlar mukaddess Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň giňden bellenilýan Garaşsyz, baky Bitarap-Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylynda hem oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl ösdürip ýetişdirip, ýübileý toýa özleriniň zähmet sowgatlary bilen barýarlar. Munuň şeýledigini şu taryhy ýylymyzda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini hem aýtmak bolar. Güýzlik bugdaý ekişini öz wagtynda geçirip, geljek ýylda hem gallanyň bol hasylynyň kemala getirmek, atyzlarda ak patrak ýaly açylyp oturan ak pagtany ýygnap gysga wagtda Watan harmanyna tabsyrmak ugrynda oba hojalykçylar iş depginlerini barha batlandyrýarlar.
Biz hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň işgarleri, etrapdaky beýleki jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri bilen bilelikde meýdan işeriniň barha gyzyşýan günlerinde oba zähmetkeşleriniň aralarynda bolup olaryň armasynyny ýetirmegi, aýdym-sazly medeni çäreleri geçirmegi, öňdebaryjylary sylaglamagy göz öňünde tutýarys. Munuň özi möwsümleýin meýdan işleriniň ýokary depginlerde gitmegine uly mümkinçilik berer. Bize şeýle işlemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän, daýhanlaryň hak howandary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun her bir döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Mahmut ÝAZOW
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Köneürgenç etrap birleşmesiniň başlygy