Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere aýratyn üns berilýär, olaryň sagdyn ösmege giň dünýagaraýyşly bolmaklary üçin mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilim edaralaryna ylmyň iň täze gazanan tehnologiýalary ornaşdyrylýar . Sanly bilimiň ösüşüne uly ähmiýet berilýär. Munuň özi ýaş nesle döwrebap bilim öwretmekde kamil usullary durmuşa ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Milli medeniýetimizi , mirasymyzy, däp – dessurlarymyzy gorap saklamak we ýaş nesillere öwretmek, şeýle hem ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ugrunda giň işler alynyp barylýar.
Edep - terbiýe her bir adamyň tebigy beden ösüşini onuň ruhy ösüşi bilen sazlaşdyrýan akylyň üstüni ýetirýän , adamy kämillige alyp barýan gymmatly baýlykdyr. Nesil terbiýesinde söz bilen hereket sazlaşmalydyr. Ata- eneler edep – ekram babatda hemişe özlerini göreldeli alyp barmalydyrlar. Edep- terbiýä halk döredijilik eserlerinde, nusgawy şahyrlaryň pähim – paýhasa ýugrulan şygyrlarynda hem uly orun berilýär.Halkymyzyň döreden gymatlyklaryny, edep-kadalaryny gadymdan gelýän milli myrasyny ýaş nesillere öwretmek bilim işgärleriniň esasy wezipesidir. Bilim edaralarynda alynyp barylýan okuw – terbiýeçilk işlerinde Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri hemde hormatly Prezidentimiziň pähim- paýhasyndan dörän ,, Ýaşlar – Watanyň daýanjy’’ atly kitaby gymmatly çeşmedir.
Täze taryhy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde türkmen jemgyýetinde maşgala terbiýesine , nesilleriň bilimli , edepli , salykatly ynsanlar bolup ýetişmegine uly ähmiýet berilýär . Ata – babalarymyzyň ahlak arassalygyna halallyga ýugrulan ýörelgelerine eýerip asylly ýörelgelerimiziň dowam bolmagy üçin tagalla etmek her birimiziň borjumyzdyr. Ýaş nesillere üns bermek we milli terbiýäni ýola goýmak asylly ýörelgelerimizdir. Şu asylly ýörelgä esaslanyp ýaş nesillei milli ruhda terbiýelemek olaryň sagdyn ösmegini gazanmak baş maksadymyzdyr. Munuň üçin ýurdumyzda ähli şertler we mümkinçilikler döredillýär. Şeýle ajaýyp şertlerden peýdalanýan bilim işgärleri ýaş nesilleri terbiýelemekde mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Biziň gelejegimiz bolan ýaş nesilleriň terbiýesine uly üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag , ömürlerini uzak bolmagyny tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Rejepbaý Madreýmow
Ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň
Şabat etrap geňeşiniň başlygy