Golaýda, welaýat häkimliginiň ýörite meýilnamasy esasynda Daşoguz poçta aragatnaşyk kärhanasynda zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmaklarynda tertip-düzgüni pugtalandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, “Milli ruh, milli terbiýe” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Halkymyzyň köpasyrlyk durmuş tejribesinden kemala gelen terbiýe mekdebi esasynda ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryny terbiýelemek, ruhy we beden taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek, sportuň we bedenterbiýäniň ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti döretmekdäki ähmiýeti hakynda, şeýle-de
ýaş nesilleriň ýurdumyzda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, geljekde hormatly Prezidentimize, ata Watanymyza, bagtyýar halkymyza
wepaly bolmaklary dogrusynda, maşgala gymmatlygy we ýaşlaryň terbiýesi hakynda edilen çykyşlar wagyz-nesihat duşuşygynyň özenini düzdi.
Ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni pugtalandyrmak, edep-ekramlylyk ýörelgelerine eýermegini gazanmak, ýurdumyzda hukuk ulgamy boýunça kabul edilen täze kararlar, kanunlar bilen tanyçdyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek babatda edilen çykyşlar hem wagyz-nesihat duşuşygynyň esasy özenini düzdi.
Gözel Diýarymyzda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň we «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, hünär öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi dogrusynda nygtaldy.
Bu ýerde çykyş edenler ata Watanymyzy bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwren hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Arazbike Söýünowa
Daşoguz poçta aragatnaşyk kärhanasynyň
KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy