TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / “MAŞGALAM - BAŞ GALAM” ADY BILEN WAGYZ-NESIHAT ÇÄ…
“MAŞGALAM - BAŞ GALAM” ADY BILEN WAGYZ-NESIHAT ÇÄRE GEÇIRILDI
08.10.2026 Çäk birleşmeler

“MAŞGALAM - BAŞ GALAM” ADY BILEN WAGYZ-NESIHAT ÇÄRE GEÇIRILDI

 Golaýda,  Görogly etrap elektrik aragatnaşyk bölüminde Görogly etrap kazyýetiniň, il ýaşulylarynyň, mährem eneleriň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, nika bozulmalarynyň öňüni almak, maşgala mukaddesligini we ýol-ýörelgelerini wagyz etmek boýunça “Maşgalam - baş galam” atly wagyz-nesihat çäresi  geçirildi.

    Bu wagyz-nesihat  maslahaty  örän  täsirli  boldy, onda   türkmen halkynyň maşgala ruhy - ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamakda, nesillerini milli ruhda terbiýelemek baradaky aýratyn üns bilen seredilýändigi şele-de özboluşlylygy bilen, tapawutlanýan milli ýol- ýörelgämizi durmuşa doly ornaşdyrmak bilen, ýaşlaryň kalbyna, aňyna milliligimizi, milli ýörelgämizi, durkumyzy siňdirip, ogul-gyzlaryna halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy däplerinde terbiýe bermek mukaddes borçdygyny we şu borç hem olaryň maşgaladaky hem-de jemgyýetdäki orunlaryny kesgitleýär diýip rowaýatlaryň,  tymsallaryň,  nakyllaryň  üsti  bilen  giňişleýin  düşündirdiler.

   Maslahatyň  dowamynda hormatly Prezidentimiziň  taýsyz  tagallary  netijesinde,  halkymyzyň  asuda  we  parahat  durmuşda  ýaşaýandygyny,  ýurdumyzda  amala  aşyrylýan  ynsanperwer  içeri  we  parahatçylyk  söýüjikli  daşary  syýasatynyň  netijesinde  ata  Watanymyzyň  abraýynyň  has-da  artýandygyny  buýsanç  bilen  bellediler we öz  halkyna  bol-elin  durmuşy  peşgeş  beren  okamaga, işlemäge,  medeniýetli  dynç  almaga   giň  mümkinçilikleri  döredýän  Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň adyna alkyş  sözlerini  aýtdylar.

 

Aýnabat Saparowa

TKA-nyň Görogly etrap

birleşmesiniň esasy hünärmeni

Degişli Habarlar