TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / MAŞGALA OJAGYŇ DAÝANJY
MAŞGALA OJAGYŇ DAÝANJY
30.09.2026 Çäk birleşmeler

MAŞGALA OJAGYŇ DAÝANJY

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýylyň 1-nji oktýabrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda Ýaşulularyň halkara güni bellenilip geçilýär. Bu günüň bellenip geçilmegi gadymy däplerimizde ygrarlygymyzy, ýaşululara hormat-sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak bilen baýlaşdyrýandygymyzy alamatlandyrýar. Ata Watanymyzda ýaşulularyň sarpasy belent tutulýar we olar üçin dürli ýeňillikler döredilýär. Ýaşuly nesliň zähmet ýoly we durmuş terbiýesi hakynda gyzykly gürrüňler häli-şindi ýaşlara ýetirilýär. Bu bolsa ýaşlaryň has-da watansöýüji ruhda terbiýelenmegine uly ýardam edýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýaşuly adamlaryň ýagdaýyna  jemgyýetçilik ünsüni çekmek maksady bilen kabul edilen ýörite resminama laýyklykda, halkara derejesinde bellenip geçilýän bu baýramçylyk öz gezeginde ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda mynasyp orun eýeleýär.Ýaşulularyň halkara güni diňe bir baýramçylyk däl, eýsem, ýaşlara ýaşuly nesliň paýhasyndan peýdalanmak, olaryň ýol-ýörelgesini dowam etdirmek üçin mümkinçilikdir, şeýle-de jemgyýetde nesilleriň arasyndaky gatnaşyklary berkidýär. Ýurdumuzyň ähli sebitlerinde Ýaşulularyň halkara güni diýseň uly şatlyk-şowhunly dabaralara beslenip bellenip geçilýär. Bu baýramçylyk ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen onuň hyzmatdaşlygyna ygrarlylygynyň baý mazmunyny alamatlandyryp, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girizilen Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 81-nji maddasynyň birinji böleginde ýerleşdirilen şanly seneleriň arasyndan orun aldy. Şondan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine girýän beýleki döwletler ýaly biziň ýurdumyzda hem her ýylyň 1-nji oktýabrynda Ýaşulularyň halkara güni giňden dabaraly bellenilýär. 

    Ýaş neslimize edep-terbiýe mekdebi bolan, her bir maşgala ojagynyň daýanjy bolan ýaşululary halkara Ýaşulular güni bilen gutlaýaryn! 

 

Orazgül Seýidowa

TKA-nyň Akdepe etrap

birleşmesiniň kätibi

Degişli Habarlar