TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / KOMBAÝYNLAR MÖWSÜME TAÝÝARLANÝAR
02.09.2026 Çäk birleşmeler

KOMBAÝYNLAR MÖWSÜME TAÝÝARLANÝAR

Köneürgenç etrabynyň zähmetsöýer babadaýhanlary “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany”  ýylynda 18000 müň gektar ýerde gowaça ösdürip ýetişdirip, bereketli altyn güýzde ondan 35700 tonna "ak altyn" öndürmegi maksat edinýärler. Şu günleri kärendeçiler gowaçalara ahyrky tapgyrda ideg işlerini berjaý edýärler. Atyzlaryň gyra töwereklerini tehnikalaryň kömegi bilen tekizleýärler, ýygymçylaryň, kombaýynlaryň, ýük awtoulaglaryň päsgelçiliksiz işlemegi üçin zerur şertleri döredýärler.  Şeýle hem öňde duran möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymyna hem ykjam taýýarlyk görýärler. Pagta hasylynyň esasy uly bölegi pagta ýygyjy kombaýynlaryň kömegi bilen ýygnalýar. Hut şunuň bilen baglylykda pagta ýgymyna gatnaşjak kombaýynlar abatlanyp, möwsüme taýýarlanýar. Şu ýyl etrap obahyzmat önümçilik kärhanasynyň dürli kysymly pagta ýygyjy kombaýnlarynyň 24 sanysy,  pagta ýygyjy tirkegleriň 17 sanysy möwsüme gatnaşar. Bu kombaýynlara, tirkeglere kärhananyň tejribeli abatlaýjy ussalary tarapyndan zerur bolan tehniki hyzmatlar edildi. Öz işine ezber ussalardan Hydyrgylyç Ýagmyrow, Bazargeldi Ataýew, Oraz Hudaýnazarow, Amangeldi Kakaýew dagylary görkezmek bolar. Olar özleriniň yhlasly zähmeti bilen, her bir kombaýnyň talabalyk abatlanmagy ugrunda uly işler bitirdiler.  Pagta ýygymyna ähli taraplaýyn ykjam taýýarlyk görülmegi bu jogapkärli möwsümi gysga wagtda geçirmäge uly mümkinçilik berer. 

 

Çary ANNABAÝEW

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Köneürgenç  etrap  birleşmesiniň  baş hasapçysy

Degişli Habarlar