Ine, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň dabaralanýan döwrüniň 23-nji sentýabrynda abadan ýurdumyzyň taryhynda täze bir şanly waka bolup geçdi. Bilişimiz ýaly şol gün gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde türkmen halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçirildi. Bu ýokary guramaçylykly maslahatda bäş welaýat birjem bolup bir dogana öwrülip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň: “-Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar” diýip belleýän dürdäne sözlerini dillerinde sena edinip geldiler. Hemmämiziň mawy ekran arkaly synlaýşymyz ýaly Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyna esaslanýan bu ýokary Guramanyň guramaçylykly ýagdaýda geçen nobatdaky maslahatynda hem il-günüň bähbitlerine gönükdirilen täze çözgütler we maksatnamalar kabul edildi. Bu çözgütler bolsa tutuş halkymyz tarapyndan gyzgyn goldaw tapdy. Bu mejlisde Türkmenistanda ahalteke atlaryň döwlet goragy hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, ýurdumyzyň durmuş ykdysady taýdan depginli ösüşini üpjün etmek maksady bilen, “Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030-2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň” tassyklanmagy, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak bilen baglylykda birnäçe senagat desgalaryny gurmak baradaky pikirleriň öňe sürülmegi, şol sanda diýarymyzyň demirgazyk welaýaty üçin hem möhüm ähmiýeti bolan Aşgabat- Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek işine badalga bermek işleriniň, Daşoguz welaýatynda kuwwatlylygy 60 müň tonna pagta çigidini gaýtadan işlemäge we ösümlik ýagyny öndürmäge niýetlenen kuwwatly kärhananyň düýbüni tutmak hem-de welaýatyň Garaşsyzlyk etrabynda azot dökünlerini öndürýän täze kuwwatly kärhanany gurmak işleriniň meýilleşdirilýändigi ýaly giň gerimli işleriň aňrysynda biziň ýurdumyzy ösdürmeklik, dünýä derejesine çykarmaklyk, il-günüň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaklyk ýaly çäksiz aladalar durýar. Ondan başga-da Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda ildeşlerimiziň birnäçesi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglaryna, Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen hormatly atlara hem-de Türkmenistanyň “Zenan kalby” ordeni bilen sylagly bolmak bagtyna mynasyp boldular. Goý, şeýle bähbitli işleriň we ildeşlerimiziň hormatly atlarynyň hem-de döwletli sylaglarynyň höwri köp bolsun!
Goý, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleri öňküden-de belende galsyn! Bize şeýle ajap döwürde ýaşamaga, okamaga we zähmet çekmäge ajaýyp şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç alsyn.
Begmyrat Baýramow
TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň maglumat
tehnologiýalary boýunça esasy hünärmeni