Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramaklarynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda yglan edilen “Hünärli nesil – röwşen geljek” atly bäsleşigiň Daşoguz welaýatynyň etrap we şäher tapgyrlary guramaçylykly geçirildi.
Ösüp gelýän nesliň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän el işlerine kämilleşmeklerine bagyşlanan bu bäsleşik okuwçy gyzlarda zähmetsöýerligi, gyz edebini, ahlak gözelligini, türkmen gyzlaryna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri we ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza sarpa goýmagy terbiýelemekde ähmiýeti çäksizdir. Şeýle mazmundaky bäsleşigiň geçirilmegi ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň işini kämilleşdirmäge, okuwçy gyzlary el işlerine, dürli hünärlere ugrukdyrmaga we amaly-haşam sungatyna bolan söýgüsini, ukybyny we zehinini hem-de başarnygyny açyp görkezmäge, çeper elli okuwçy gyzlary sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly ýüze çykarmaga oňyn täsirini ýetirýär.
Bäsleşigiň 1-nji şertinde oňa gatnaşyjy okuwçy gyzlar ýurdumyzda hünär saýlap almagy, el işlerine ussat gyzlar bolup ýetişmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler barada, öz okaýan mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnagynyň işiniň üsti bilen ýerine ýetirýän hünärini şahyrana dilde wasp etdiler, asylly gyz edebi bilen bagly bolan milli däplere, ula hormat goýmak, kiçini sylamak mazmundaky şygyrlaryň, aýdymlaryň, rowaýatlaryň üsti bilen şahsy ukyplaryny beýan etdiler. 2-nji şertde gyzlar Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagynyň nusgalyk işlerinden görelde alyp, öz ýanlary bilen getiren milli lybaslaryndaky gutarmadyk el işlerini ýerine ýetirmekde ussatlyklaryny görkezdiler. 3-nji şertinde bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitaby boýunça milli däp-dessurlarymyza laýyklykda unaş kesmek ukyplaryny görkezdiler hem-de tagamyň taýýarlanyşyny çeper sözde beýan etdiler. Bäsleşigiň etrap we Daşoguz şäher tapgyrlarynyň ýeňijileri bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Güljemal Nazarowa
TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň
guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri
bölüminiň esasy hünärmeni, zenanlar
guramasynyň işjeň agzasy