Hemişe öz raýatlarynyň saglygy, sagdyn durmuş ýörelgesi dogrusynda tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladasy bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” sentýabr aýynda hem “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” at bilen geçirilýän biraýlyk guramaçylykly dowam edýär. Onuň esasy maksady adamlaryň saglygyny goramakdan, tehnikanyň ösen döwründe sürüjileriň hüşgärligini artdyrmakdan, pyýadalaryň, ylaýta-da çagalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini birkemsiz berjaý etmekleri üçin netijeli işleri yzygiderli geçirmekden ybaratdyr. Bu işde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary ministrlikler we edaralar bilen bilelikde maslahatlaryň, tele we radio gepleşikleriň, dürli bäsleşikleriň, ýol hereketiniň düzgünleri boýunça mekdep okuwçylary üçin ýörite sapaklary geçirmegiň guramaçysy bolup çykyş edýärler. Çünki ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygynyň kepili bolup durýar. Ömrümiziň rahatlygy bolsa, elbetde, saglyk atly baş baýlygyň gözbaşydyr.
Hususan-da, howpsuzlyk kemerini dakynmazlygyň, ýolyşygyň gadagan ediji reňkinde geçmegiň, pyýadalaryň bolsa ýol hereketinde bellenilmedik ýerden geçmeginiň ýa-da awtobusdan düşenlerinde köçeden nädogry geçmeginiň howply hadysalara getirýändigi, şeýle biperwaýlyklaryň, hatda öwezini dolup bolmajak ýagdaýlara hem eltýändigi barada anyk mysallara salgylanyp giňişleýin ýerlerde wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Mahabatlandyryjy ýazgylaryň, şekilleriň, çyzgylaryň üsti bilen ýol hereketiniň düzgün-kadalary hem-de ony dogry berjaý etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga we olaryň ýol hereketiniň kadalaryny çüňňur öwrenmegine ýardam eder.
Halkymyz hakda edýän bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk hem uly-uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.
Gylyçdurdy Haýdarow
Daşoguz
medeni-köpçülik