TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / HALKYŇ SAGLYGY– ÝURDUMYZYŇ ROWAÇLYGYNYŇ GIREWI
HALKYŇ SAGLYGY– ÝURDUMYZYŇ ROWAÇLYGYNYŇ GIREWI
08.10.2026 Çäk birleşmeler

HALKYŇ SAGLYGY– ÝURDUMYZYŇ ROWAÇLYGYNYŇ GIREWI

 Düýn, Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynda Daşoguz welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň, guramalarynyň gurnamagynda saglyk ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmagynda 10-njy oktýabr Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli lukmançylyk sergiler gurnaldy we hassahananyň mejlisler zalynda “Halkyň saglygy – ýurdumyzyň rowaçlygynyň girewi” atly baraly maslahat geçirildi. 

  Maslahatda çykyş eden halypa we tejribeli saglygy goraýyş işgärleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “-Ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar” diýip belleýän dürdäne sözleriniň durmuş ýüzüne üstünlikli geçendiginiň mysalyny bu günde saglygy goraýyş ulgamynda we dermen senagaty toplumynyň durmuşa geçirýän işlerinde hem aýdyň görýändigimiz barada buýsançly belläp geçdiler.

   Dabaranyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döwletimizde  lukmançylyk ulgamynda ilatyň saglygyny dikeltmekde we halkymyzyň ömür dowamlylygyny uzaltmakda keselleriň öňüni almakda lukmançylyk ulgamyny ösen Döwletleriň hataryna ýetirýändigi barada hoşallyk sözlerni aýtdylar.

 

Allaberdi Sarykow

Daşoguz şäher hassahanasynyň KA-nyň

ilkinji guramasynyň başlygy

Degişli Habarlar