Her ýylyň 1-nji oktýabrynda BMG-syna girýän döwletleriň ählisinde Halkara ýaşulular gününi dabaraly ýagdaýda geçirmek asylly däbe öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1990-njy ýylyň 14-nji dekabryndaky kabul eden Rezolýusiýasynda soňra bu şanly sene bütindünýä jemgyýetçiligi tarapyndan bellenilip başlandy. Ata Watanymyz- Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda öz milli aýratynlyklarymyza laýyklykda bellenilip geçirilýän bu şanly senäniň ýurdumyzyň ýaşuly nesli üçin ähmiýeti uludyr. Milli Liderimiziň parasatly başlangyjy bilen ýurdumyzyň milli baýramçylyklarynyň sanawyna Halkara ýaşulular gününiň girizilmegi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gazanasynyň ýanynda we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzüminde Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.
Sapargül Ýegşemowa
Daşoguzgazüpjünçilik müdirliginiň
KAIG-nyň buhgalteri