TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ BERKIDILMEGINIŇ BÄHBIDINE
HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ BERKIDILMEGINIŇ BÄHBIDINE
09.10.2026 Çäk birleşmeler

HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ BERKIDILMEGINIŇ BÄHBIDINE

    Berkarar döwletiň täze eýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toýdyr baýramlara, taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň perder ýolyny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş tutanlygynda Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz Dünýä arenasynda hem öz mynasyp ornyny tapdy. Yhna, muňa mysal edip häzirki wagt-da diýarymyzyň gözel künjegi bolan awaza milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi. Nobatdaky konsultatiw duşuşyk taryhy şanly waka beslendi. Bu ýerde aýratyn bellenilmeli möhüm wakalaryň biri, ol hem Azerbaýjan Respublikasynyň ilkinji gezek bu sebit dialogyna resmi görnüşde gatnaşmagydyr. Dünýä nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjany formata goşmak boýunça strategik başlangyjy sebitara hyzmatdaşlygy, ulag logistika arabaglaşygyny we enegetika dialogyny hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berer. Azerbaýjanyň işjeň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň konsultatiw duşuşyklar formaty häzirki wagtda tutuş Ýewraziýa giňişliginde integrasion prosesleriň kuwwatly hereketlendiriji güýjüne öwrüler. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk Hazar deňzi, Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň, ykdysady ösüşiň bitewi ulgamyny kemala getirýär. Bulardan başga-da Gahryman Arkadagymyzyň  başlangyjy bilen  bu alty taraplaýyn hyzmatdaşlyk formatyna energetika diplomatiýasyna we ekologik howpsyzlyk meselelerine aýratyn üns berilýär.

 Şeýlelikde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen döwlet baştutanlarynyň  konsultatiw  duşuşygy  Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň halkara derejesindäki ýeten abraýynyň  hem-de parahatçylyk döredijiligiň we sebit hyzmatdaşlygynyň merkezi hökmünde öz ornuny pugtalandyrylýandygyny ýene-de bir gezek dünýä ýüzüne aýdyňlygy bilen doly subut etdi.

Ýeňiş Haýytjanow

Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň

Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

Degişli Habarlar