TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / HALK MASLAHATY: BEÝIK GELJEGINE TARAP
16.09.2026 Çäk birleşmeler

HALK MASLAHATY: BEÝIK GELJEGINE TARAP

    Türkmenistanyň şöhratly taryhynda beýik eýýamy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna barýan ýolumyz bütin ýurdumyz boýunça uly zähmet ýeňişleri we belent baýramçylyk ruhy bilen gurşalyp alynýar. Garaşsyzlyk-biziň milli buýsanjymyz,ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan berkararlyk binýadydyr.

    Şu mukaddes senäniň öňsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bolsaa ýurdumyzyň syýasy, jemgyýetçilik we durmuş-ykdysady ösüşiniň täze basgançaklaryny kesgitleýän iň ýokary demokratik dabara hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Halk Maslahaty diňe bir geçirlen işlere netije çykarmak däl, eýsem, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň gelejekki strategik ösüş ugurlaryny hem kesgitleýär. Ýaşlary goldamak, täze zähmet orunlaryny döretmek, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek we daşky gurşawy goramak boýunça öňde duran täze wezipeler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokary götermäge gönükdirlendir. Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk toýy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul ediljek aýdyň çöügütler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe berkarar Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine batly itergi berer !

   Öz halkyna şeýle eşretli zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimden arzuw edýärin.

 

Selbi Hallyýewa

TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň

maliýe bölüminiň esasy hünärmen-buhgalteri

Degişli Habarlar