TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / HALK MASLAHATY – BELENT SEPGITLERIŇ GÖZBAŞY
HALK MASLAHATY – BELENT SEPGITLERIŇ GÖZBAŞY
05.10.2026 Çäk birleşmeler

HALK MASLAHATY – BELENT SEPGITLERIŇ GÖZBAŞY

 "Garaşsyz, baky Bitarap-Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany" ýylynyň 23-nji sentýabrynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Uly ruhubelentlikde geçirilen Halk Maslahatynda  ýurdymyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen belent sepgitler barada aýratyn bellenip geçildi, öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi. “Geňeşene giň dünýä”, “Geňeşli ýerde kemlik ýok, geňeşsiz ýerde deňlik”, “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýlişi ýaly ýurdymyzyň we jemgyýetimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler elmydama ýaşulylar halk köpçüligi bilen maslahatlaşyp kabul edilýär. Munuň özi ata-baba ýol ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär. Maslahatyň dowamynda Türkmen Halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz maksatnamalaýyn çykyş etdiler. Ýurdymyzy mundan-da beýläk durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly birnäçe kararlar kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz özüniň taryhy çykyşynyň dowamynda ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly Daşoguz welaýatynyň çäginde hem önümçilik kärhanalaryň, Saglygy goraýyş we medeni-durmuş maksatly binalary gurmak barada aýdylanlaryny aýratyn belläp geçesim gelýär. Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda azotly dökünleri öndürýän täze döwrebap toplumyny gurmak, Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek, Daşoguz welaýatynda inçekesel hassahanasynyň, Köneürgenç etrabynyň çäginde köpugurly hassahanasyny gurmak göz öňünde tutulýandygy barada aýdanlary biziň her birimizi diýseň begendirýär, buýsandyrýar. Munuň özi peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň ilatymyzyň asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamaklygy, öndürijilikli işlemekligi, her bir raýatyň saglygyny gorap saklamak, keselleriň öňüni almak, saglygyny dikeltmek barada alada edýändigini görkezýär.

    Şeýle hem maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz zähmetde, işde, durmuşda aýratyn tapawutlanan ildeşlerimize “Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy” diýlen ady dakmak, “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglamak we Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda permanlara gol çekmegi, tutuş halkymyz üçin ajaýyp toý sowgady boldy. “Çekseň zähmet ýagar rähnet” diýlişi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda çeken päk zähmete döwlet tarapyndan uly baha berilmegi, her bir raýaty öňkiden-de gaýratly zähmet çekmäge, işe bolan höwesini artdyrmaga uly badalga berýär. Köneürgenç etrabynyň Maslahat geňeşliginiň ýaşaýjysy pensioner Begjan Döwletow “Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy” diýlen ada, Köneürgenç etrap häkimliginiň senagat, gurluşyk, arhitektura we ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bölüminiň müdiri Çäşem Narbaýew “Watana bolan söýgüsi üçin” atly medala mynasyp boldylar. 

   Türkmenistanyň Biz hem jemgyýetçilik guramalaryň işgärleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti, onda kabul edilen çözgütleri halk köpçüligine ýetirmek boýunça wagyz-nesihat ýygnaklaryny yzygider geçirýäris. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris” diýip örän jaýdar belleýär. Agzybirlikde çekilen zähmet elmydama özüniň guwandyryjy netijesini hem berýär. Tutuş halkymyz bilen bilelikde el-ele berip Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, ýurdymyzy durmuş ykdysady taýdan ösdürmäge goşant goşmak biziň her birimiziň jana-jan borjymyz. 

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösüşleriň täze belentlikleri bilen ynamly öňe barýan, ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýny barha arşa galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, her bir rowaç işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

 

Gülhumar   HOJAHMETOWA

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Köneürgenç  etrap  birleşmesiniň  esasy hünärmeni, 

etrap Halk Maslahatynyň agzasy

Degişli Habarlar