TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / HALK HAKYDASYNDA BAKY ORNAN MILLETIŇ OGULLARYNA- …
HALK HAKYDASYNDA BAKY ORNAN MILLETIŇ OGULLARYNA- RUHY TAGZYM
07.10.2026 Çäk birleşmeler

HALK HAKYDASYNDA BAKY ORNAN MILLETIŇ OGULLARYNA- RUHY TAGZYM

    Düýn tutuş halkymyz bu mukaddes topragy goramak ugrunda janlaryny gurban eden gerçekleri hem-de 1948-nji ýylyň “Aşgabat ýer titremesi” ady bilen taryha ýazylan aýylganç gijede şehit bolan ildeşlerimiziň ruhlaryny ýatlap “Hatyra gününi” bellep geçdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň görelde bolmagynda paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyndaky “Ruhy tagzym”, “Milletiň ogullary”, “Baky şöhrat” ýadygärliklerine tagzym etmekden başlanan hatyra dabaralary tutuş ýurdumyz boýunça utgaşyp gitdi. Öten-geçen ata-babalarymyzyň ruhlaryny hatyralamak ýaly asylly işler her birimiziň borjumyzdyr.   

    Taryhdan bilişimiz ýaly, 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilen gije sagat 01:12-de Aşgabat şäherinde we onuň töwregindäki obalarda güýçli ýer titreme bolup, “Aşgabat ýer titremesi” ady bilen taryha giren bu aýylganç wakada sanaglyja sekundyň içinde 170 müňden gowrak ildeşlerimiz şehit boldy.  Şol gün ykbal türkmeni ýenebir aýylganç ýazgyt bilen synady. Uruş belesyndan ýaňybir dynyp, “-indibir galkynaýyn” diýen mahaly halkyň ykbalynda bolup geçen bu garaşylmadyk elhenç waka tutuş ýürekleri lerzana saldy. Bu gün biz bu tebygy betbagtçylygyň netijesinde heläk bolan ildeşlerimiziň hem-de beýik gahrymanlarymyzyň ruhlaryny hatyralaýarys, ýatlaýarys, töwir edýäris. Olar baky ýatlanar we hemişe-de hatyralanar. Bu gerçekleriň geçen gahrymançylykly we şöhratly ýollary biziň geljegimiz bolan nesillerimiz üçin görelde mekdebidir, ol hemişe-de şeýle bolmagynda hem galar. Halk hakydasy bakydyr. Bu mukaddes topragy goramak üçin şirin jandan geçen gerçeklere, milletiň ogullaryna, 1948-nji ýylyň aýylganç Aşgabat ýer titremesinde şehit bolan ildeşlerimiziň baky ruhlaryna -“Ruhy tagzym”, Watan gahrymanlaryna -“Baky şöhrat!”. Goý, Watany goramak ugrunda şirin janlaryny gurban eden edermen gerçekleriň hem-de şehitlerimiziň jaýlary jennetde, ruhlary şat bolsun! Goý, ykbal hiç bir halkyň başyna beýle agyr synagy salmasyn!

   Goý, mundan beýläk dünýäde parahatçylyk we asudalyk  höküm sürsün! Gerçeklerimizi ýatlamaga, hatyralamaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumlary rowaçlyklara beslensin.

 

Araş Taňyrberdiýew

Ruhubelent etrabynyň 10-njy mekdebiniň 

KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy

Degişli Habarlar