Ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerine ygrarly mähriban halkymyz Watan üçin şirin jandan geçen pederlerini bu günki gün belent hormat bilen hatyralaýar. Ene topragyň her daban ýerini gözüniň göreji deýin goran gerçeklerimiz baradaky ýakymly ýatlamalar düýne hormaty, şu güne buýsanjy, geljege uly umyt-arzuwy has-da artdyrýar. Baky ýatda galjak, hiç wagt unudylmajak gahrymançylykly ýoly geçen gerçeklerimiziň watançylyk edermenligi bu günki gün ýaş nesiller üçin nusgalyk göreldä öwrülýär. Bagtyýar durmuşyň gadyr-gymmatyny duýup ýaşaýan merdana halkymyza şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, her ýylyň 6-njy oktýabry Hatyra güni hökmünde bellenilip geçilýär. Ol döwranly döwürde ýaşaýan halkymyzyň şöhratly taryhymyza, ata-babalarymyzyň geçen gaýduwsyzlyk ýoluna, Watan gerçekleriniň görkezen gahrymançylyklaryna hormat-sarpany, buýsanjy has-da çuňlaşdyrýar.
Gökdepe galasyny goran ata-babalarymyzyň, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesiniň şehitleriniň hatyralanmagy pederlerimiziň milli ýörelgelerinden gaýdýan dessurlarynyň häzirki bagtyýarlyk döwrümizde uly sarpa bilen berjaý edilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Ata Watanymyzyň paýtagty gözel Aşgabatda türkmen halkynyň taryhynda müdimilik yz galdyran wakalaryň mizemez sütüni hökmünde bina edilen “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy nesilleriň arasyndaky özara baglanyşygyň baky bitewüliginiň beýany bolup durýar. “Ruhy tagzym”, “Milletiň ogullary”, “Baky şöhrat” ýadygärliklerine ýylyň-ýylyna Hatyra güni mynasybetli ildeşlerimiziň uly toplumy tagzym edip, Watan gahrymanlaryna özleriniň synmaz sarpasyny bildirýärler. Bu elbetde, häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ajaýyp durmuşda ýaşaýan halkymyzyň geçmiş taryhyna mizemez hormatyny alamatlandyrýar.
Geçmişe sarpaly, şu güne buýsançly, geljege umytly garamaga, milli ýörelgelerimizi döwrebap dowam etdirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly göreldesinden gaýdýan bu beýik işler bu gün ösüp barýan ýaş nesliň kämil derejesiniň düýp özenine uly täsirini ýetirýändigi bilen örän gymmatlydyr.
Ýurdumyzyň sebitleri bolsa döwrüň batly gadamlary bilen ösýär hem özgerýär. Şeýle ösüş-özgerişleriň gymmatyny duýup ýaşaýan mähriban halkymyz hormatly Prezidentimiziň töweregine has-da jebisleşip, täze sepgitlere tarap belent maksat bilen ynamly öňe barýar.
Muhammetkuly Çarwaýew
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Akdepe etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni