Bu gün asylly däbe görä her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilip, onda ýerine ýetirilen işleriň, gazanylan üstünlikleriň jemi jemlenýär, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty ynha şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilýär. Munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm wakadyr. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň, uly möçberli işleriň baş maksady Watanymyzy ösdürmekden hem-de halkymyzyň abadan, bagtly durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe gitmekde, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarynda täze sepgitlere ýetmekde Halk Maslahatyna uly orun degişlidir. Ol Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Konstitusion kanunyna laýyklykda hereket edýän we halkyň bähbitlerini goraýan ýokary wekilçilikli edaradyr. Halk Maslahatynyň işi şu ýörelgelere demokratiýa; aýanlyga; adalatlylyga; kanunyň hökmürowanlygyna; halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmaga; adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligini üpjün etmäge; adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmaga; çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmaga we kabul etmäge; jemgyýetçilik pikirini nazara almaga esaslanýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet esaslarynyň, onuň gadymy demokratik ýörelgeleriniň, halk häkimiýetiniň köpasyrlyk däpleriniň mizemezdigini tassyklaýar. Şeýle hem Esasy Kanunymyzyň düzgünlerini saklap galmak bilen, döredijilikli ösdürilýän edara bolup durýar. Halk Maslahaty ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleri, durmuşyň ähli ugurlarynyň ösmegini nazara alýar we öz işini barha kämilleşdirýär.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda Aşgabatda geçiriljek umumymilli forum halkymyzyň asyrlaryň dowamynda emele gelen demokratik gymmatlyklara ygrarlydygyny ýene bir gezek äşgär eder. Türkmenistan parahatçylyk, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan oňyn syýasaty ýöretmek hem-de döredijilikli başlangyçlary öňe sürmek bilen, dünýäde öz raýatlarynyň abadançylygyny we durnukly ösüşini üpjün edýän, geljege ynamly barýan ýurt hökmünde giňden tanalýar. Şunda, Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, Halk Maslahaty bilelikdäki netijeli işleri dowam etdirip, Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça zerur işleri alyp barmalydyr diýip belleýär.
Goý, halkymyzy bir supranyň başyna jemläp, geljegiň aýdyň şuglalaryna alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Ýurdumyzyň nurana baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy gutly mübärek bolsun!
Şirinjemal OTUZOWA
TKA-nyň Gubadag etrap
birleşmesiniň kätibi