TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / HALK BÄHBITLI MASLAHAT
28.08.2026 Çäk birleşmeler

HALK BÄHBITLI MASLAHAT

   Berkarar döwletiň täze eýamynyň galkynyşy diýip atlandyrylýan şöhratly zamanamyzyň her bir ýyly, her bir aý- güni ýatda galyjy toý baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Bu hakykat ajaýyp döwrümiziň adyna mynasyp galkynyşlaryň, ösüşleriň döwri bolup, bu günki gün agzybir jemgyýetimiziň bagtyýarlygyň abadan döwletimiziň berkararlygyň eýesiliginden habar berýär. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz Berkarar döwletiň täze eýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzy ösdürmek ugrunda köp sanly, wajyp ähmiýetli adam bähbitli tagallarada jemläp, ýurdumyzyň uzak geljekde hem iň bagtly adamlaryň ýaşaýan, kuwwatly, demokratik, hukuk döwleti bolmagyna gönükdirilýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ähli işler öz gözbaşyny  Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir” diýen baş şygaryndan öz gözbaşyny alyp, bu günki-günde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Döwlet diňe halky bilen döwletdir! Watan diňe halky bilen Watandyr!” diýen baş ýörelgesinde aýdyň beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň düýp mazmuny Garaşsyz, baky Bitarap  döwletimizi syýasy-ykdysady, hukuk we medeni taýdan berk binýatly, kuwwatly ýurda öwürmekden , halkymyzy parahat, eşretli durmuşda ýaşatmakdan ybaratdyr. Ine bu ugurda bolsa durmuşa geçirilýän işlere badalga bermekde Türkmenitanyň halk maslahatynyň durmuşdaky orny hem örän ulydyr. Her ýylda geçirilýän Türkmenistanyň Halk maslahaty, bu ýyl Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherimizde Sentýabr aýynyň 23-ne geçirilmeklik göz öňünde tutulýar. Biz hem öz gezegimizde Halk maslahatynyň işine uly üstünlikleri arzuw edýäris. Häzirki wagtda dowam edip duran “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda gazanýan her bir zähmet üstünliklerimiz bolsa Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly toýuna goşan saldamly goşandymyzdyr. Şu bagta guwanýan mähriban halkymyz ýedi ýaşlydan ýetmiş ýaşla çenli, ýagny, ýaşu-garry diýmän irginsiz zähmet çekip tutuş Watanymyzyň milli baýramyna uly baýramçylyk üstünlikleri bilen barýarlar. Bu işler bolsa gadymy halkymyzyň agzybirliginden we jebisliginden nyşandyr.

    Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleriniň belentden belende galmagyny, il-günüň bagtyýar geljegi üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýärin!  

 

Ýeňiş Haýytjanow

Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň

KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

Degişli Habarlar