Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän ýeňilliklerinden, hemaýatlaryndan ruhlanyp, etrabymyzyň pagtaçy kärendeçileri şeýle hem pagtaçylyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenleri gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmek, öndürmek we ony soňky hanalaryna çenli zaýasyz ýygnap, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda döwletimiziň ak-altyn harmanynyň has-da beýgelmegine öz mynasyp goşantlaryny goşmaklygy maksat edinýärler.
Şu ýyl welaýatymyzyň toprak, howa şertlerine laýyklykda, etrabymyz boýunça 9000 gektar meýdana Daşoguz-120, Daşoguz-114 we Jeýhun görnüşli gowaça tohumy ekilip, netijeli gögeriş alnyp, öňa ideg etmek işleri doly derejede talaba laýyk geçirildi. Häzirki wagtda gowaçaly meýdanlarda ak patrak ýaly ak pagtanyň hanalary yzygiderli açylýar. Möwsüm döwründe pagta tabşyrmak boýunça gündelik borçnamalaýyn meýilnamany ýerine ýetirmek ugrunda etrabymyzyň « 10 ýyl Abadanlyk», «Guýanagyz», «Agzybirlik» daýhan birleşikleri şeýle hem «Jennetli ülke», «Bazarow Gurbanmyrat» we «Durdybaýewa Orazgül» daýhan hojalyklary öňdebaryjylygy eýeleýärler.
Kärhanamyzda ýagny, Boldumsaz pagta arassalaýjy kärhanasynda pagtaçy kärendeçileriň tutanýerli zähmeti netijesinde ýetişdirilen pagta çig malyny bökdençsiz kabul etmek we ony senagat taýdan gaýtadan işlemekde kärhanamyzyň önümçilik bölümlerinde, ammarlarynda, bassyrmalarynda hem-de pagta bunt meýdançalarynda düýpli abatlaýyş, gurluşyk işleri doly derejede geçirilip, taýýar edildi.
Häzirki pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän möwsüminde ýurdumyzyň oba hojalygynyň, ykdysadyýetiniň, senagatynyň has-da gülläp ösmegi ugrunda öz mynasyp goşantlaryny goşmakda kärhanamyzyň işgärleri we hünärmenleri, Tekebaý Klyçow, Hemra Rejepow, Begenç Şükürbaýew, Allamyrat Agaýew, Arslan Gaýypow, Maksat Rejepmedow, Maksat Baýjykow şeýle hem Akmyrat Haýydow dagylar irginsiz zähmet çekýärler.
Türkmen halkymyzyň milli baýlygy bolan «Ak altyny» iň soňky hanalaryna çenli isripsiz ýygnamak we ony döwlet harmanyna tabşyrmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Hojamyrat ALLEKOW
Boldumsaz etrap pagta arassalaýjy kärhanasynyň
KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy