Bu günler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “-Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmeginde öz tejribesini, bilimini we başarnygyny Watana hyzmat etmäge bagyşlan kärendeçileriň, pagtaçylaryň, gallaçylaryň, mehanizatorlaryň, alym agronomlaryň, seçgiçileriň, bakjaçylaryň, bagbanlaryň we beýleki hünärmenleriň ýokary öndürijilikli işlemegi, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamagy üçin mundan beýläk hem ähli şertler dörediler” diýip belleýän dürdäne sözlerini hem-de köpi gören paýhasly ata-babalarymyzyň “Güýzlik bugdaý – güýçliniňki, ýazlyk bugdaý – ýaltanyňky” diýen atalar sözlerini ýol ýörelge edinen edermen babadaýhanlarymyz güýzlik bugdaý ekişine girişdiler. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy esasynda ýaşuly nesliň wekilleriniň babadaýhanyň ene ýere sepen tohumynyň müňlemegini Beýik Allatagaladan dileg etmekleri bilen aýdan “bismillasy” bilen başlanan bu döwletli işler gün-günden gyzyşýar. Her günde ekiş geçirilen meýdanlaryň sanynyň artmagy bolsa güýzlik galla ekişiniň bellenen wagtda geçiriljekdigine aýdyň şaýatlyk edýär. Her welaýatyň toprak we howa şertlerine uýgunlaşan “Juwan”, “Sähraýy”, “Batko”, “Alekseýiç” we “Bezostaýa-100” ýaly bugdaý sortlarynyň ekilmegi kemala geljek hasylyň hasyllylygynyň ýokary boljakdygyna şaýatlyk edýär. Nesip bolsa ýene birnäçe günden mahmal ýere sepilen tohumlar şineläp gögerip çykar.
Ekiş döwründe babadaýhanyň daýanjyna öwrülen ýokary iş öndürijilikli sürüm, tekizleýji, mineral dökün sepiji we ýokary anyklygy bolan tohum ekiji häzirkizaman tehnikalarynyň ulanylmagy bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe babadaýhanlarymyzyň zähmet çekmeleri üçin döredilip berlen ajaýyp şertleriň biridir. Ekişiň şeýle kuwwatly we ýokary anyklygy bolan tehnikalar bilen geçirilmegi bolsa meýilnama boýunça ýetişdiriljek bol hasylyň binýadynyň ýokary anyklykda tutulýandygyny görkezýär. “Ene ýere sepen her bir tohumyň müňläbersin, edermen babadaýhan!”
Işlemek, zähmet çekmek üçin şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn.
Aşyrmämmet Jumakow
TKA-nyň Ruhubelent etrap
birleşmesiniň başlygy