TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / GUWANMAGA MYNASYP AJAP DÖWRÜM BAR, EZIZ DIÝAR HER…
GUWANMAGA MYNASYP AJAP DÖWRÜM BAR, EZIZ DIÝAR HER ÄDIM ÖSÜŞE BARÝAR
22.09.2026 Çäk birleşmeler

GUWANMAGA MYNASYP AJAP DÖWRÜM BAR, EZIZ DIÝAR HER ÄDIM ÖSÜŞE BARÝAR

     Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ata Watanymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen 35 ýylynda görlüp eşidilmedik ösüşler gazanyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “-Biziň içeri we daşary syýasatymyz, Döwlet, halk, umumyadamzat bähbitli beýik işlerimiz Garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge, özara bähbitli we deňhukukly esasda daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir” diýip, jaýdar belläp geçişi ýaly biziň içeri we daşary syýsatymyzda durmuşa geçirýän giň gerimli işlerimiziň ählisi diýarymyzy ösdürmekden, il-halkymyz üçin ajaýyp şertleri döretmekden ybaratdyr. Biz bu ösüşleri günsaýyn ösüp barýan eziz diýarymyzyň ajap keşbiniň mysalynda hem aýdyň görýäris. Diýarymyzyň ykdysady ösüşleriniň durnukly ýagdaýda saklanyp gelmegi bolsa biziň ýurdumyzyň ösen döwletleriň hataryndan mynasyp orun alandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Hut şeýle bolansoň hem guwanmaga mynasyp ajap döwrümiz bar, eziz diýar her ädim ösüşe barýar. Bu ajaýyp ösüşler bolsa her güni uly üstünlikler bilen dabaralanýan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hem öňki ösen ýagdaýynda saklanyp gelýär. Bu ösüşlerden ganatlanan ildeşlerimiz bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna özleriniň mynasyp baýramçylyk sowgatlary hökmünde özleriniň zähmet üstünlikleri bilen geldiler. Her bir ildeşimiziň gazanýan bu zähmet üstünlikleri bolsa diýarymyzy bedew bady bilen ösüşler sary ösdürmek babatynda ädilen möhüm ädimdir. Guwandyryjy zähmet netijeleri bolsa il-halkyň röwşen geljeginiň aýdyň beýanydyr.

   Eziz diýarymyzy bedew batly ösüşler ýoly bilen öňe alyp barýan, il- halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalar edip, bütinadamzat bähbitli oňun başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Gülnabat Kömekowa

“Daşoguzenergo” önümçilik birleşiginiň

KA-nyň ilkinji guramasynyň buhgalteri

Degişli Habarlar