TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Geňeşli il-güne jebislik ýardyr, bedew batly döwü…
27.08.2026 Çäk birleşmeler

Geňeşli il-güne jebislik ýardyr, bedew batly döwür toýlara baýdyr

   Golaýda Akdepe etrap häkimliginde etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde “Geňeşli il-güne jebislik ýardyr, bedew batly döwür toýlara baýdyr” atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar barada geçirildi. Onda ýerli jemgyýetçilik guramalaryň çykyşlary diňlenildi. Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyz goşa baýramy uludan toýlamaga taýýarlyk görýär. Ata-babalarymyzyň arzuwlan zamanasy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň bilelikde bellenilmegi ähli türkmen raýatyny buýsandyrýar. Türkmenlerde “Ýedi ölçäp bir kes”, “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýlişi ýaly taryhy döwürde hem halk arasynda bir işiň başy tutuljak bolanda ýaşulylaryň maslahatyna gulak salyp geňeşilipdir. Häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynda hem ýurdumyzda kabul ediljek kararlardyr, çözgütler halkymyzdan gelýän teklipler esasynda diňlenilýär. Hut şol nukdaýnazardan ugur alnyp her ýylda halkyň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty geçirilýär. Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda öz gezeginde ulularyň maslahatyna, ýaşulularyň pähim-paýhasyna daýanyp gelen halkdyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda milli demokratik ýörelgeleriň döwrebap derejede ösdürilmegi netijesinde Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýetimiziň iň ýokary wekillikli organ hökmünde berkedi. Halk Maslahaty-diňe bir döwlet edarasy bolman, eýsem halkyň öz ykbalyny, ýurdumyzyň gelejegini we ösüş ugurlaryny öz eli bilen kesgitleýän, halk häkimiýetliliginiň aýdyň dabaralanmasydyr diýip çykyşlar edildi.

   Duşuşygyň ahyrynda halkyna ajaýyp durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp sagbolsunlar aýdyldy hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň işine uly üstünlikler arzuw edildi.  

 

Berdimyrat Kakaýew

TKA-nyň Akdepe etrap birleşmesiniň baş buhgalteri

Degişli Habarlar