Biziň gadymy halkymyzda “Ýaşulusy bolmadygyň, ýaşkiçisi bolmaz” ýa-da diýen ajaýyp aýtgy bar. Ata- babalarymyzdan dilden geçip gelýän bu dana sözler bu günki günde hem öz asyl manysyny saklap gelýär. Biziň halkymyzda garrylar öýüň sütüni hasaplanýar. Hut şonuň üçin hem bizde ýaşuly nesliň wekillerini hormatlamak we olara sarpa goýmak asylly häsiýetleriň biri hasaplanýar. Ýaşulular görelde mekdebidir. Şeýle asylly däplere ýeremek meksady bilen hem her ýylyň 1-nji oktýabrynda “Ýaşulularyň halkara güni” bellenip geçilýär. Hut şu baýram mynasybetli hormatly Prezidentimiz tutuş türkmen halkyna ugradan mähirli gutlagynda “Ömri nusgalyk mekdebe, pendi edebe öwrülen dilleri senaly ýaşulularymyz, olaryň pähimli öwüt-nesihatlary, baý durmuş hem-de zähmet tejribesi jemgyýetimiziň agzybirligini pugtalandyrmakda, nesillerimizi watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemekde, gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap uly ynam bilen öňe alyp barmakda biziň daýanjymyz bolup durýar” diýip jaýdar belläp geçýär. Bu gün bu belli sene mynasybetli guralan dabaralar biziň abadan ýurdumyzda hem giňden we şowhunly ýagdaýda dabaralandyrylýar. Bu dabaralar bolsa diýarymyzyň beýleki döwletli toýdur- baýramlarynyň üstüni ýetirýär. Diýarymyzda ýetilen bu ajaýyp sepgitleri ýaşulylarsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Dilleri senadan we ýagşy dilegden doly bu ak sakally atalar we ak saçly eneler geçmiş bilen geljegi baglanşdyrýan mäkäm köprüdir. Olar durmuşyň köp çarkandagyndan we sapaklarynda tälim aldylar. Ýaşulular ýaş nesliň mydama ýagşy günde ýaşamagy üçin dilegde bolýarlar hem-de biziň durmuş baradaky iň ýakyn maslahatçylarymyz bolup durýarlar. Şu ýerde şahyryň:
Garrylar käýese kineli bolmaň,
ýene-de ugruňda şolar janserek,
bize şol janköýer garrylar gerek
diýen setirlerini ýatlasym gelýär. Hakykatdan-da garrylar biziň ugrumyzda janserek bolýarlar. Biz birnäçe onluk ýaş ýaşasak-da, birnäçe çaganyň ata-enesi bolsak-da, hat-da bir maşgalanyň başy bolsak-da ýaşulularymyz bizi durmuş sapagyna gatnaşmaga ýaş hasaplaýarlar. Edil şeýle bolansoň hem ömürboýy zähmet çekip gelip, indibir dynç alaýmaly diýen wagty gelenem bolsa maşgalanyň agzybirligini we döwletliligini saklamak baradaky esasy alada ýaşuly nesliň başynda bolýar. Şonuň üçin hem biz garrylarymyzy “öýüň sütüni” diýip atlandyrýarys.
Goý, ata Watanymyzyň ösüşleri öňküden-de belende galsyn! Bize ajap döwürde ýaşamaga ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbili tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Nurjahan Atjykowa
TKA-nyň S.Türkmenbaşy etrap
birleşmesiniň baş buhgalteri