“Garaşsyzlyk”- sözi indi 35 ýyl bäri dillerimiziň senasyna öwrüldi. Bagtyýarlyk döwrümiziň eşretli günlerinde göwünleri galkynan ulus-ilimiz Garaşsyzlygyň gadyr-gymmatyny belentde tutup, sarpaly durmuşymyzyň bagtyýar goýnunda ýaşaýar, zähmet çekýär, döredýär. Garaşsyzlyk - halal zähmet çekýän ýer eýeleri niň, mülkdarlaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň, nebitgazçylaryň, bilim işgärleriniň, her bir türkmenistanlynyň maksadyny bir etdi. Garaşsyzlyk türkmen topragynyň üstün den azatlyk şemalynyň hoştap öwüsmegidir. Aý-ýyllarymyzyň bagtyýarlyga, bolçulyga beslenmegidir. Berkararlyk tuguny parladyp, bagtyýarlyk aýdymyna hiňlenip erkinligiň şaýoluna düşen halkymyz eşretli eýýamyň, döwletli döwranyň eýeleri boldular. Ähli türkmen halky üçin ykbal özgerdiji taryhy döwürde ýurdumyzyň her bir raýatynyň bähbidini araýan uly işlere badalga berilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarynyň il-ýurt bähbitli özgertmeleriň düýp manysyna öwrülendigine güwä geçýär. Döwlet derejesindäki köp sanly çäreler, täze başlangyçlar we halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi hem Garaşsyzlygyň diňe taryhy waka bolman, eýsem, häzirki zaman döwlet gurluşynyň, ösüş strategiýasynyň, halk bähbitlerine gönükdirilen syýasatyň özenidigini görkezýär. Türkmenistanyň Garaşsyz ly gynyň baýram edilmegi diňe bir geçmişe hormat goýmak däl, eýsem, halkyň döwlete, ösüşe, geljege bolan ynamynyň, ruhubelentliginiň we döredijilik ukybynyň dabaralanmasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň çykyşlarynda beýan edişi ýaly Garaşsyzlyk-halkymyzyň mukaddes gymmatlygydyr. Bu baýram her bir türkmen raýaty üçin döwletimiziň sarsmaz sütüni, geljege ynam bilen bar ýan ýolunyň beýanydyr. Garaşsyzlygyň şuglasyndan nur alýan bu ýol parlak geljegimiziň ýoludyr. Berkarar döwlet guran beýik milletiň mertebeliliginiň, şan-şöhratynyň ýoludyr. Goý, bu röwşen ýolda hormatly Prezidentimize, halkymyza diňe üstünlikler ýar bolsun! Baş baýramymyz bolan ýurt Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk toýy gutly bolsun!
Dädişow Seilbaý
Gubadag ertap hassahanasynyň
KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy