TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / GARAŞSZYLYK-JEBISLIK, AGZYBIRLIK
14.09.2026 Çäk birleşmeler

GARAŞSZYLYK-JEBISLIK, AGZYBIRLIK

   Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen döwletiniň başynda durmagy biziň ýurdumyzyň Hakdan ýalkawlydygyny ýene-de bir ýola aýan edýär. Hormatly Prezidentimiziň döwletimize baştutanlyk edip gelýän döwrüniň dowamynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda bolup geçýän ösüş-özgerişler sanardan kän. “Watan diňe halky bilen Watandyr!”, “Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýýän hormatly Prezidentimiziň bu keremli sözleri bu günki gün her bir türkmenistanlynyň göwnüni galkyndyrýar. Biziň ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda özbaşdak döwlet gurmagy, jebislikde, agzybirlikde halal zähmet çekip ýaşamagy arzuw eden halkdyr.

    Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet berkararlygymyzy gutarnykly esaslandyrmak, asuda-parahat ýurdumyzy mundan beýläkki ösüş-özgerişlere alyp gitmek ugrunda zerur bolan syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady-durmuş meseleleriniň maksatnamasyny işläp düzdi. Jan-jigerden söýýän halkynyň ýagty geljegi, ýurdunyň at-abraýynyň dünýä ýüzünde arşa galyp, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagy, ykdysadyýetiň, syýasatyň, medeniýetiň, ylym-bilimiň, sportuň, oba hojalygynyň — mahlasy, ähli ugurlaryň ýokary ösüşlere beslenmegi ugrunda netijeli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Halkymyzda: “Ýürekden çykan söz ýürege ýeter” diýen paýhasly söz bar. Bizde ýürekden edilen yhlas hem ýürege ýetýär. Bu gün — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň ýurdumyzda uly dabaralara beslenip bellenilýän pursatlarynda ildeşlerimiziň uludan-kiçi ählisiniň kalbynda ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni esaslandyran Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan ýürek buýsanjynyň çägi ýok.

   Şy ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny alanyna 35 ýyl dolýar. Ýöne Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň dowamynda eziz Diýarymyzda amala aşyrylan beýik işleriň mysalynda seredeniňde, bu gysga taryhy döwür ägirt uly ösüşleriň berkarar edilen beýik zamanasydyr. Garaşsyzlyk, türkmen halky bilen bir hatarda ykbalyň emri bilen dünýäniň dürli künjeklerinde mesgen tutan türkmenleriň hem Watan hakyndaky arzuwlaryny hasyl etdi. Garaşsyzlyk ýoluna ynamly hem-de batly gadam basan ýurdumyz döwletli döwrana, eşretli eýýama rowana boldy. Bütin dünýä ykrarnamasyna eýe bolan, döwlet binýadyny berkden tutan halkymyz milli özboluşlylygyna laýyk gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini, milli we häzirki zaman ösüşiň gazananlaryny utgaşdyrmak ýoluny saýlap aldy.

   Taryhy geçmişimiz, eşretli geljegimiz Garaşsyzlyk bilen berk baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ähli ösüş-özgerişlerimiziň gözbaşydyr, gazanýan beýik üstünliklerimiziň gönezligidir, merdana halkymyzyň yhlasly we gujurly zähmetiniň ylham çeşmesidir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşip, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny we onuň gazananlaryny goramak, jemgyýetimiziň asudalygyny we halkymyzyň agzybirligini mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin asylly maksatlary durmuşa geçirmek, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge mynasyp goşant goşmak her birimiz üçin raýatlyk borçdur.           

                    

 Berdinazar Meredow

„Daşoguzgazakdyryş“ müdirliginiň  birleşen kärdeşler 

arkalaşygynyň komitetiniň başga işlerden boşadylan başlygy

Degişli Habarlar