TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / GARAŞSYZLYK-ÝURDUMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINI ALAMATLAN…
16.09.2026 Çäk birleşmeler

GARAŞSYZLYK-ÝURDUMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINI ALAMATLANDYRÝAN MÖHÜM SYÝASY ÄDIMDIR

  “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany”-bu şygar,ilkinji nobatda,döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän döwrüne gabat gelýär we milli ösüşiň ideologik,ruhy hem-de strategik ugurlaryny bitewi mazmunda jemleýär. Garaşsyzlygyň ýyllary içinde emele gelen döwletlilik tejribesi,hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi hem-de toplumlaýyn özgertmeler häzirki döwrüň ösüş modeliniň binýadyny düzýär.

   Şygar mazmun taýdan diňe bir baýramçylyk nyşany bolman,eýsem ösüşiň täze tapgyrynyň konseptual beýany hökmünde çykyş edýär. Onda milli gymmatlyklara hormat goýmak, taryhy mirasy gorap saklamak we döwrebap ösüş ýoluny dowam etdirmek ýaly möhüm ýörelgeler utgaşdyrylýar. Şeýle çemeleşme raýatlaryň watançylyk ruhuny güýçlendirýär, jemgyýetiň ähli gatlaklaryny Döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine  işjeň gatnaşmaga ruhlandyrýar. Şygaryň ikinji möhüm aýratynlygy- bedew nyşanydyr. Türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan aýratyn gymmatlyklarynyň biri bolan ahalteke atlary diňe bir taryhy miras däl, eýsem, ösüşiň, öňe okgunlylygyň we ruhubelentligiň nyşanydyr. Türkmenistanyň halkara giňişligindäki ornuny seljerende, hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatynyň durnukly ösüşe hyzmat edýändigini bellemek zerurdyr.

   2026-njy ýylyň şygary diňe bir baýramçylyk şygary däl, eýsem, döwlet ösüşiniň ideologik formulasy hökmünde çykyş edýär. Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy ýurdumyzyň geçen ýoluna seljerme bermäge,gazanylan üstünlikleri umumylaşdyrmaga hem-de geljekki maksatlary anyklaşdyrmaga mümkinçilik döredýär. Bedew nyşany bilen utgaşýan ösüş düşünjesi Türkmenistanyň milli aýratynlygyny we ähliumumy giňişlikdäki işjeň ornuna özara baglanşdyrýar. Şeýlelikde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan täze tapgyrda hem sebit we dünýä derejesinde parahatçylyk,hyzmatdaşlyk we ösüş ýörelgelerine ygrarly döwlet hökmünde çykyş edýär.

 

Sapargül Ýegşemowa

Daşoguz Gazüpjünçilik müdirliginiň

KAIG-nyň buhgalteri 

Degişli Habarlar