Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler her bir türkmen halkyny guwandyrýar, buýsandyrýar. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde dürli medeni çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Toýly diýarymyzda ýatdan çykmajak pursatlar her bir adamyň durmuşyny bezeýär. 10-njy sentýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, “Mugallymlar gazeti” gazetiniň redaksiýasynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli bilim işgärleriniň, mugallymlaryň arasynda yglan eden “Mukaddes Garaşsyzlyk – buýsanjymyz, bagtymyz” atly döredijilik bäsleşiginiň jemine bagyşlanyp dabara geçirildi. Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna sowgatly barýan bilim işgärleri ýurdumyzyň ösüşdir özgerişlerini wasp edýän makalalary, goşgulardyr, hekaýalary bilen “Mugallymlar gazeti” gazetiniň sahypalarynda yzygiderli çykyş edýärler. Mugallymlarymyz ösüp barýan ýaş nesle asylly terbiýe we bilim bermekde toplan tejribelerini çeper döredijiligiň üsti bilen beýan edip bäsleşikde baýrakly orunlara eýe boldular. Etrabymyzyň 33-nji orta mekdebiniň mugallymy Annageldi Bekiýewe hem şu bäsleşikde ýeňiji bolup etrabymyzyň adyny şöhratlandyrmak bagty nesip etdi. Ol özüniň ata Watanymyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy hem-de mähriban halkymyzy wasp edýän ajaýyp goşgulary bilen bäsleşikde öňe saýlandy. Şeýle hem, etrabymyzyň 66-njy orta mekdebiniň mugallymy Nurjemal Töräýewa hekaýa ýazmakda bu döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bilim işgärleri döredilýän bu giň mümkinçiliklerden ruhlanyp, ýürek buýsançlaryny öz eserleriniň üsti bilen beýan edýärler. “Mukaddes Garaşsyzlyk – buýsanjymyz, bagtymyz” atly döredilik bäsleşigi döredijilik bilen meşgullanýan bilim işgärleriniň täze eserleri döretmäge bolan höwesini has-da artdyrdy.
Her bir döredijilik işgärleriniň eserlerine uly baha berýän, şeýle döredijilik duşuşyklaryny, bäsleşiklerini gurnamaga mümkinçilik döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Aýjykow Amanbaý
Ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň
S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň buhgalteri