TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / GARAŞSYZLYK- HALKYŇ ARZUWLAN BAGTY
26.08.2026 Çäk birleşmeler

GARAŞSYZLYK- HALKYŇ ARZUWLAN BAGTY

    Her ýylyň 27-nji sentýabrynda biziň abadan ýurdumyzda Garaşsyzlyk baýramy uludan bellenip geçilýär. Laýyk 35 ýyl mundan ozal 1991-nji ýylyň güýzünde “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Netijede bolsa dünýäniň kartasynda Türkmenistan atly täze bir ýaş döwlet emele geldi we biziň ýurdumyzyň baýdagy dünýä döwletleriniň baýdaklarynyň arasynda ýerleşdirildi. Bu bolsa biziň şähratly ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan bagtynyň amala aşmagynyň aýdyň nyşany boldy. Bu ajaýyp arzuwlary il arasynda her bir sözi gymmatly mukaddeslige deňelýän şahyr atamyz Magtymguly Pyragynyň:

 

Türkmenler baglasa bir ýere bili,

Gurudar Gulzumy, derýaýy Nili,

Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,

Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz

 

diýen setirlerini okanymyzda hem aýdyň duýmak bolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolan günümizden başlap Magtymguly atamyzyň eden bu baş arzuwy wysal boldy. Şol gün bäş dogan bir suprada jem bolup täze berkarar türkmen döwletini gurdular. Bu gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly XXXV ýyllyk toýuna barýarys. Häzirki wagtda dowam edip duran “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda gazanýan her bir zähmet üstünliklerimiz bolsa Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly toýuna goşan saldamly goşandymyzdyr. Şu bagta guwanýan mähriban halkymyz ýedi ýaşlydan ýetmiş ýaşla çenli, ýagny, ýaşu-garry diýmän irginsiz zähmet çekip tutuş Watanymyzyň milli baýramyna uly baýramçylyk üstünlikleri bilen barýarlar. Bu işler bolsa gadymy halkymyzyň agzybirliginden we jebisliginden nyşandyr.

    Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleriniň belentden belende galmagyny, il-günüň bagtyýar geljegi üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýärin!

Begmyrat Baýramow

TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň maglumat

tehnologiýalary boýunça esasy hünärmeni

Degişli Habarlar