TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / GARAŞSYZLYK- BUÝSANJYMYZ, BAGTYMYZ
21.09.2026 Çäk birleşmeler

GARAŞSYZLYK- BUÝSANJYMYZ, BAGTYMYZ

    Agzybir we jebis halkymyz ýurdumyzyň  baş baýramyny — Watanymyzyň  mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny aýratyn ruhubelentlik,  şatlyk bilen garşylamaga taýýarlanýar. Şanly baýram mynasybetli mähriban Watanymyzyň ähli künjeklerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent döredijilik ruhuny, özgerdiji güýjüni alamatlandyrýan dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Garaşsyzlygyň  bütin dünýäde belent abraýdan peýdalanýan, kuwwatly, okgunly ösýän döwletiň ygtybarly binýadyny emele getirendigini ynamly aýtmak bolar.  Döwlet  Garaşsyzlygymyzyň   ýyllary içinde  ýurdumyzda senagat, durmuş-medeni maksatly köp sanly iri desgalaryň, binalaryň, döwrebap şäherçeleriň, obalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi bu şanly senäniň ähmiýetini has-da artdyrýar.

   Ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer şygar bilen durmuşa geçirilýän giň gerimli, durmuş ugurly maksatnamalaryň netijesinde obalaryň we şäherleriň keşbi düýpli özgerdi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda, parahatçylykda, asudalykda ýaşamagy, özüniň tutanýerli zähmetiniň hözirini görmegi üçin ähli şertler döredildi. Geçen 35 ýylyň dowamyndaky demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň esaslaryny pugtalandyrmak boýunça ägirt uly işler geçirilendigini bellemek gerek. Bularyň  ählisi bagtyýar raýatlaryň kalbyny ata Watanymyza çäksiz buýsanç duýgusy bilen doldurýar, bu bolsa öňde goýlan belent sepgitlere ýetmeklerine ruhlandyrýar. Ýurdumyz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda milli senenamamyzyň nobatdaky, naýbaşy şanly senesini täze zähmet ýeňişleri bilen garşylaýar. Olaryň her biri Garaşsyz Türkmenistanyň ýyl ýazgysyna aýratyn sahypa bolup ýazylýar.

   Tutuş türkmen halkyny, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýetip gelýän şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

  Halkymyzyň bolelin eşretli durmuşda ýaşamagy üçin gijesini gündiz edip işleýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat bähbitli döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Muhammetkuly Çarwaýew 

Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň 

Akdepe  etrap  birleşmesiniň  esasy  hünärmeni

Degişli Habarlar