Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ählumumy ösüşiň, abadançylygyň hem-de rowaçlygyň bähbitlerine gönükdirilen şanly wakalar, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasaty netijesinde ösüş ýoly bilen beýik geljege tarap ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ajaýyp ýörelgesine esaslanýan maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrmagy netijesinde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar.
Mundan 35 ýyl öň, ýagny 1991-nji ýylyň güýzünde türkmen taryhynda täze bir altyn sahypa açyldy. Berkararlyk Tuguny parladyp, erkinligiň şaýoluna düşen halkymyz dünýewi, demoktarik, hukuk döwletiniň binýadyny berkden tutdy. Beýik Garaşsyzlygymyzyň geçen şöhratly ýyllary içinde ata Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanyp, belent sepgitleri eýeledi, dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Hut şonuň üçin hem toýlary toýa ulaşýan abadan ülkämizde ruhubelentlik bilen bellenilip geçilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar döwletimiziň, bagtyýar milletimiziň abraý-mertebesini has-da belende göterýär.
Beýik Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen naýbaşy bagtynyň biri bolsa, elbetde, Watanymyzyň gysga döwrüň içinde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagydyr. Türkmenistan BMG tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edilen, onda-da üç gezek ykrar edilen dünýäde ýeke-täk we ilkinji döwlet bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz: ”Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy merdana halkymyzyň aýratyn taryhy ykbalydyr, uly buýsanjydyr, üstünligidir” – diýip belleýär. Eziz Diýarymyz sanlyja ýyllaryň içinde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilmegi biziň ýuirdumyzyň halkara abraýyny arşa göterdi. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň töweregine mäkäm jebisleşip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň häzirki we geljekki üstünlikleriniň bähbidine döredijilikli zähmet çekmek, agzybirligi hem-de jebisligi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga öz goşandymyzy goşmak biziň her birimiziň watançylyk borjumyzdyr.
Eziz Diýarymyza şanly ösüşleri, halkymyza eşretli zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Güljemal Nazarowa
TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň
guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri
bölüminiň esasy hünärmeni