TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / GARAŞSYZLYK-BEÝIK BUÝSANJYMYZ
21.09.2026 Çäk birleşmeler

GARAŞSYZLYK-BEÝIK BUÝSANJYMYZ

  Türkmenistan döwletimiziň şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň ýokary ruhubelentlikde bellenilýän ýyly aýratyn many-mazmuna eýedir. Munuň özi taryhy-medeni, syýasy, ruhy-aňyýet nukdaýnazaryndan gaýtalanmajak bitewüligi emele getirýär. Döwletliligiň, bagtly durmuşyň sakasynda Garaşsyzlygyň beren miwesi bar. Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler halkymyzyň ýagty geljegine gönükdirilýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp miweleri döwletimiziň taryhyna altyn sahypalar bilen ýazylýar. Halkymyzyň durmuşyna gönükdirilen özgertmeler esasynda beýik maksatlara, belent sepgitlere ýetilýär. Dünýä bileleşigi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlaryny doly goldaýar, olar boýunça anyk işlere badalga berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolundaky umuadamzat bähbitli nusgalyk işlerinden habar berýär.

   Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan asuda, abadan, parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde hemişelik Bitaraplyk derejämiz üç gezek ykrar edildi. Özgertmeler, toý-baýramly günler göwünlere ganat baglap, durmuşymyza aýratyn many-mazmun çaýýar. Milli ykdysadyýetde, bilim ulgamynda we beýleki pudaklarda gazanylýan öňyn netijeler, täze şäherleriň,obalaryň, medeni desgalaryň gurulmagy, halkymyzyň bolelin ýaşaýşy kalbyňy ganatlandyrýar.

    Garaşsyzlyk-halkymyzyň milli buýsanjy, berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýady. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen ýurdumyzyň ösüş aýratynlygy we döwletimiziň ileri tutýan wezipeleriniň ählisi il-ýurduň geljegini, raýatlaryň abadan, asuda ýaşaýşyny nazarlaýan tagallalara gönükdirilýär. Garaşsyzlyk halkyň, Watanyň barlygydyr. Garaşsyz döwlet-munuň özi diňe bir özygtyýarlylygy we ykbalyňy erkin kesgitlemegi aňlatmak bilen çäklenmän, eýsem, ösüş-şzgerişli dünýä bilen aýakdaş özünde, milli mirasyň köklerine daýanmagy hem alamatlandyrýar.

   Halkymyzy şeýle ajaýyp döwre eýe edip, ýurdumyzy gülledip ösdürmek bilen has bagtyýar günlere tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny arzuw edýärin.

 

Gylyçdurdy Haýdarow

TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň guramaçylyk

we medeni köpçülik işleri bölüminiň müdiri

Degişli Habarlar