Indi 35 ýylyň içidir türkmen topragynda garaşsyzlyk taglymaty ýaşaýar, işleýär, döredýär, özgerdýär. Taryh üçin şeýle gysga wagtyň içinde türkmen halkynyň ykbaly göterilip, asyrlara barabar işler edildi. Paýtagtymyzda we welaýatlarda sanlyja ýyllaryň içinde gurlan ajaýyp binalar, oklaw ýaly göni we giň köçeler, uzyn-uzyn şaýollar, köprüler, görseň gözüňi gamaşdyrýan owadan seýilgähler, çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri, saglygy goraýşyň kämil tehnologiýalara eýe bolan binalary, tutuş ýaşaýyş jaý toplumlary, aňyrsyna göz ýetmeýän ähli amatlyklary bolan jaýlaryň ýüzlerçesini özünde jemleýän obalar, şäherçeler, sebitde deňi-taýy bolmadyk iri zawoddyr fabrikler dowletimiziň ykdysady kuwwatynyň näderejede ösendigini görkezýär.
Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň garaşsyzlygynyň mizemezligi döwletiň hem halkyň jebisliginde jemlenýär. Türkmenistan üç onýyllyk bäri ýurduň ykdysadyýetde, medeniýetde, bilimde, ylymda, sportda... taryhy ösüşleri üpjün edýän Garaşsyzlyk ýoly bilen öňe barýar. Türkmenistan garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny ykdysady we ynsanperwer ölçeglerde uly ösüş mümkinçilikleri bolan, sebit hem dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşýan durnukly ösýän döwlet hökmünde garşylaýar.
Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.
Pursatdan peýdalanyp, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny, durnukly ösüşiň hatyrasyna alyp barýan beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaçlyklara beslenmegini, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň hemişe belent bolmagyny arzuw edýäris!
Gülnara Ýoldaşowa
Daşogtelekom elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň
KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy