“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň her bir güni ýurdumyzy şöhratlandyrýar, halkymyzyň mertebesini beýgeldýär. Ýylymyzyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna gabat gelýänligi bizi begendirýär. Garaşsyzlygyň beren bagtyny öz ykbalynda duýmadyk ýok bolsa gerek. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň iň bir şanly seneleriniň biri hökmünde taryha ýazyljak bu şanly toýumyza ýurdumyzyň her bir ulgamy, edara-kärhanalary, her bir raýat mynasyp sowgatly barmaga taýýarlyk görýär.
Ynha, düýn hem, ýakynlaşyp gelýän Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramyna bagyşlap, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesinde “Berkarar döwletiň täze eýýemynyň Galkynyşy – Garaşsyzlyk ýyllarynyň beýik ösüşleriniň dowamaty” at bilen dabaraly maslahat geçirildi. Oňa ähli pudaklarda zähmet çekýän kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Täsirli guralan maslahatda garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlan senagat-önümçilik desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim edaralarynyň, saglygy goraýyş we medeniýet öýleriniň, sport merkezleriniň gurulmagynyň ata Watanymyzyň şan-şöhratyny äleme äşgär edendigi barada joşgunly çykyşlary diňledik.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň döretmek hem gurmak babatdaky gudratyny Äleme jar edýän ähli maksatlarynyň hasyl bolmagyny, belent başlarynyň aman, nurana ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýärin. Hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy, mähribän halkymyzy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy bilen gutlaýaryn. Bayramyňyz gutly bolsun eziz ildeşler!
Keýikjemal Begmedowa
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi
ministrliginiň Daşoguz şäheriniň “Demirbetonönümleri”
zawodynyň hukuk işleri boýunça hünärmeni,
Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy