Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly medeni çäreler Daşoguz welaýatynyň hem ähli künjegini gurşap aldy. Köneürgenç etrap häkimliginiň öňündäki giň meýdançasynda geçirilen çäre hem Garaşsyzlyk toýyna bagyşlandy. 27-nji sentýabr güni ir säherden bu ýere il sylagly ýaşulylar, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri we beýleki köp sanly halk köpçüligi ýygnandylar. Döwlet senamyzyň astynda mukaddes ýaşyl baýdagymyzyň al-asmana galdyrylmagy aýratyn şatlyk-şowhuna beslendi. Çäräniň dowamynda çykyşlara-da uly orun berildi. Çykyş edenler Garaşsyzlyk toýy bilen hemmeleri gutlap, ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen sepgitler barada uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Soňra etrabyň medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Etrabymyzyň tanymal aýdymçylary Garaşsyzlyk toýuny, berkarar Watanmyzy, eşretli zamanamyzy wasp etdiler. Uzak wagtlap dowam eden baýramçylyk çäresi bu ýere ýygnananlarda uly ruhubelentlik duýgularyny döretdi.
Bahar HAKBERDIÝEWA
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň