Berkarar döwletiň täze eýamynyň galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at- myradyň mekany” ýylymyzyň her bir güni toýdyr baýramlara şanly senelere beslenýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ösüşiň täze belentliklere tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramy bu günlerde diýarymyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda amala aşyrylýan giň göwrümli işler her birimiziň ýüreginde çuňňur buýsanç uly ylham döredýär. Bu bolsa Garaşsyzlykdan galkynýan Bitaraplykdan beýgelýän türkmen halkymyz öz Milli Liderine Gahryman Arkadagymyza hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsunlary aýtýarlar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler gazanylan üstünlikler asyrlary müň ýyllyklary nazarlaýar. Bu hem bolsa, Garaşsyzlyk şapagyny garşylap, özbaşdaklygyna gowşan türkmen halky pederleriniň gursagynda arzuwlan arzuw-umytlaryna ýetirdi. Gülleýän, gül açýan gözel Diýarymyz öz taryhyndaky beýik baýramçylyga — mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly toýuny uly dabaralar bilen garşylaýan döwründe ýakymly pursatlary başdan geçirýär. Halkymyza erkinligiň sergin şemalyny peşgeş beren Garaşsyzlyk, bizi nurly ertirlere, nurana geljege sary alyp barýar. Garaşsyzlyk bu — biziň baş baýramymyz, naýbaşy senämiz. Biz oňa buýsanç bilen «mukaddes Garaşsyzlygymyz» diýýäris. Ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji bolan ýurt Garaşsyzlygymyz külli türkmen halkynyň bagtynyň çüwmegidir, bagtyýar geljeginiň buşlukçysydyr.
Garaşsyzlyk, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek we öňde goýulan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän halkymyzyň ruhuny belentliklere göterýän ajaýyp mukaddeslikdir. Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyny halkara derejesinde täze mertebä göteren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Ýeňiş Haýytjanow
Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň
KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty