TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / GARAŞSYZLYK – BAGTYÝARLYK
16.09.2026 Çäk birleşmeler

GARAŞSYZLYK – BAGTYÝARLYK

   Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşleriň we özgerişleriň  ýyly bolan „Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany“ ýylynda eziz diýarymyzyň ykdysady kuwwaty barha ýokarlanýar we onuň halkara derejesindäki at-abraýy belende göterilýär. Garaşsyz watanymyzyň şol geçen 35 ýylynyň içinde dost-doganlygyň, agzybirligiň, asudalygyň mekany bolan berkarar döwletimizde bedew batly ösüşler giň gerimde ýaýbaňlanýar. Watanymyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan ykdysady ösüşler, durmuş ähmiýetli desgalaryň açylyp, halkyň hyzmatyna berilmegi, köpugurly saglygy goraýyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport toplumlarynyň, halkymyzyň iş we ýaşaýyş şertleriniň ýokarlandyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda ýetilen beýik sepgitler, zähmet üstünlikleri mähriban halkymyzy täze ýeňişlere ruhlandyrýar.

   Mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyz bäri, ýurdumyzyň ösüş – özgerişleri, şöhrat – şany, erk – ygtyýarlylygy, il – halk üçin alnyp barylýan uly tutumly işler barha rowaç alýar. Bolelin bagtyýar ýaşaýan halkymyz indi özüniň milli ýol – ýörelgelerine eýe boldy. Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini, senagatyny ýokary derejelere ýetirmeklige uly üns berilýär. Halkyň aň – bilim kuwwatyny berkitmek üçin ylym we bilim ulgamynda hem uly aladalar edilip orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň döwrepap derejede gurlup, ulanmaga berilmegi has-da buýsançlydyr.

    Şeýle bagtyýarlygyň göz başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Türkmen halkynyň röwşen geljegi üçin durmuşa geçirýän ýurt ähmiýetli, il bähbitli tutumly işleri üstünliklere we rowaçlyklara beslensin!

 

Toýly Oňalow

Ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň

ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň

Garaşsyzlyk etrap geňeşiniň buhgalteri

Degişli Habarlar