Ata Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny uly dabaralara besläp, ajaýyp üstünlikler bilen garşylaýar. Geçen otuz bäş ýylda eziz diýarymyzda asyrlara barabar beýik işler amala aşyryldy. Garaşsyz döwletimiz dünýäde ýokary depginler bilen ösýän, raýatlarynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän ýurtlaryň hataryna ynamly goşuldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda Garaşsyzlyk ýyllarynda belent sepgitlere ýetildi. Demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizi ösdürmekde, raýat jemgyýetini kämilleşdirmekde, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda, Ýer ýüzüniň ýurtlary we halklary bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem-de berkitmekde buýsandyryjy netijeler gazanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly hem-de öňdengörüjilikli baştutanlygynda eziz Watanymyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda asyrlara barabar beýik işler durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň asudalygy, abadançylygy we ýaşaýyş-durmuş derejesi günsaýyn ýokarlanýar. Garaşsyzlygymyzyň miweleri döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Türkmen jemgyýetiniň her bir wekiliniň durmuşyny düýpgöter özgerdýän beýik maksatlar hasyl bolýar, täze beýik sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde senagat-önümçilik kärhanalary, medeni-durmuş maksatly binalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary, obalardyr şäherler gurlup ulanylmaga berilýär. Ata Watanymyz halkara gatnaşyjylarynda dost-doganlyk ýörelgelerini, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugta ýola goýdy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Garaşsyzlyk bu biziň göterilen ykbalymyzdyr! Garaşsyzlyk Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasydyr,berkarar döwletli we bagtyýar ýaşaýşymyzdyr!
Ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan, raýatlarymyzyň abadan durmuşda ýaşamaklary üçin ýadawsyz aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumuz güllesin gül açsyn!
Uzukjemal Agylowa
TKA-nyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap
birleşmesiniň esasy hünärmeni