TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / GARAŞSYZLYGYŇ ŞUGLASY
GARAŞSYZLYGYŇ  ŞUGLASY
22.09.2026 Çäk birleşmeler

GARAŞSYZLYGYŇ ŞUGLASY

    Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylygy taryha altyn harplar bilen ýazylýan beýik ösüşleriň, gazanylýan uly üstünlikleriniň we döredijilikli zähmetiň aýdyň nyşanyna öwrülýär. Ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer şygar bilen durmuşa geçirilýän giň gerimli, durmuş ugurly maksatnamalaryň netijesinde obalaryň we şäherleriň keşbi düýpli özgerdi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda, parahatçylykda, asudalykda ýaşamagy, özüniň tutanýerli zähmetiniň hözirini görmegi üçin ähli şertler döredildi. Geçen 35 ýylyň dowamyndaky demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň esaslaryny pugtalandyrmak boýunça ägirt uly işler geçirilendigini bellemek gerek. Bularyň  ählisi bagtyýar raýatlaryň kalbyny ata Watanymyza çäksiz buýsanç duýgusy bilen doldurýar, bu bolsa öňde goýlan belent sepgitlere ýetmeklerine ruhlandyrýar.

  Ýurdumyz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda milli senenamamyzyň nobatdaky, naýbaşy şanly senesini täze zähmet ýeňişleri bilen garşylaýar. Olaryň her biri Garaşsyz Türkmenistanyň ýyl ýazgysyna aýratyn sahypa bolup ýazylýar. Garaşsyzlygyň  bütin dünýäde belent abraýdan peýdalanýan, kuwwatly, okgunly ösýän döwletiň ygtybarly binýadyny emele getirendigini ynamly aýtmak bolar.  Döwlet  Garaşsyzlygymyzyň   ýyllary içinde  ýurdumyzda senagat, durmuş-medeni maksatly köp sanly iri desgalaryň, binalaryň, döwrebap şäherçeleriň, obalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi bu şanly senäniň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda her bir ynsanyň ýüregi buýsanç duýgusyna beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň töwereginde jebisleşen agzybir halkymyzyň yhlasy bilen Garaşsyz Watanymyz mundan beýläk-de rowaçlyklara beslener.

    Pursatdan peýdalanyp türkmen halkyny, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýetip gelýän şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny mynasybetli bellenilýän baýramy bilen gutlaýaryn!

  Eşretli durmuşy halkymyza peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat bähbitli döwletli tutumlary  rowaçlyklara beslensin!

 

Göwher Gylyçmyradowa

Akdepe etrabynyň Mollanepes adyndaky

daýhan birleşiginiň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy

Degişli Habarlar