TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / GARAŞSYZLYGA BILEN GALKYNÝAR DIÝAR
14.09.2026 Çäk birleşmeler

GARAŞSYZLYGA BILEN GALKYNÝAR DIÝAR

Berkarar  döwletimiziň  täze eýýamynyň  Galkynyşy  döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrümize şan berip gelen  “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir güni ösüşlere, üstünliklere, rowaçlyklara beslenýän, Ata watanymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy uly şatlyk-şowhuna beslenip gelýär. Bu nurana baýram biziň her birimiziň kalbymyzda Diýarymyzyň şöhratly geçmişine hem-de bagtyýar zamanamyza buýsanjy, röwşen geljegimize ynamy artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat “Watan diňe halky bilen watandyr! Döwlet diňe Halky bilen Döwletdir!” diýen şygarda öz beýanyny tapýar. Bu şygar Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir” diýen ynsanperwer ýörelgesine doly laýyk gelýär hem-de Garaşsyzlygymyzyň binýadynyň pugtaladyrylmagyna, ýurdymyzyň ösüşiň täze belentliklere çykmagyna, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylyň dowamynda gazanylan zähmet ýeňişleri halkymyzyň watansöýüjiliginiň, agzybirliginiň, jebisliginiň, halal we tutanýerli zähmetiniň netijesidir. Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlary boýunça ägirt uly ösüşler gazanylyp, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti, çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan döwlete öwrüldi.

    Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda alyp barýan döwlet syýasatyny halkymyzyň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalary uludan tutulýan baýram senelerimiziň ähmiýetini halk köpçüligine ýetirmek baradaky işleri biz kärdeşler arkalaşygynyň işgärleri üçin hem esasy wezipe bolup durýar, ynha şular mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Akdepe etrap birleşmesi hem etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda  dürli dabaralar, masalahatlar, bäsleşikler hem-de wagyz nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär.

     Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýän raýatlara yhlasly işlemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli tütýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin!

Orazgül Seýidowa

TKA-nyň Akdepe etrap

birleşmesiniň kätibi      

Degişli Habarlar