Hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-paýhasy syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen köpugurly ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Ata Watanymyzyň ykdysady, durmuş-medeni ösüş babatynda dünýäniň öňdebaryjy döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli milli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen beýik taglymaty esasynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy ugrunda mynasyp işler alnyp barylýar, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm wakasyna-mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna ýokary ruhubelentlikde taýýarlyk görýär. Garaşsyzlyk ýyllar içinde ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler ýurdumyzy tanalmaz derejede özgertdi. Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiz asudalagyň, parahatçylygyň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň, ynsanperwerligiň, mähribanlygyň, dost-doganlygyň, hoşniýetliligiň, “Açyk gapylar” syýasatynyň dabaralanýan ýurduna öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhy özgertmelere beslenýär. Ýurdumyz häzirki wagtda ykdysady taýdan kuwwatlanmak bilen täze innowasion tehnologiýalara daýanýan kuwwatly senagat döwletleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup ulanmaga berilýän zawod- fabrikler, häzirkizaman önümçilik toplumlary milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Bizi asuda asmanyň astynda, parahat durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Şatlyk Jumaşow
“Daşoguzawtoulag” önümçilik birleşiginiň
Daşoguz şäherindäki Ýolagçy awtoulaglar
garažynyň awtotoplum başlygy, KAIG-nyň başlygy