TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / “GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY …
“GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY” ÝYLYNDA BEDEW ATYŇ WASPY
24.09.2026 Çäk birleşmeler

“GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY” ÝYLYNDA BEDEW ATYŇ WASPY

    Gadymy halkymyzyň syrdaş, dost we milli baýlygy hasaplaýan ahalteke bedew aty gaýtalanmajak baýlygymyz hasaplanýar. Hakykatdan-da türkmen bedewi tapylgysyz baýlyk, gaýtalanmajak gözellik nusgasydyr. Bu gün bu milli gymmatlygymyzyň gymmatyny bütin dünýä jemgyýetçiligi doly ýagdaýda ykrar edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti döredijilik galamyndan çykan “Türkmeniň buýsanjy” atly ajaýyp goşgusyndaky

 

Owazasy ýedi yklyma ýaýran,

Beýik sungatyna giň dünýä haýran,

Halkyň göwni bolup gülleýär zaman,

Ol dowamat-dowamydyr türkmeniň

 

diýen ýaly ajaýyp setirlerini okanymyzda bu aýdanlarymyza aýdyň göz ýetirýärsiň. Ahalteke bedew atlarymyzyň gaýtalanmajak derejedäki ajaýyp häsiýetlerini açyp görkezmek boýunça edilen ullakan işleriň mysalynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň dabaralanýan döwründe Niderlandlar Patyşylygynyň Kronenberg şäheriniň “Pilbergen” atçylyk-sport toplumynda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň halkara ýagdaýynda üstünlikli geçen ajaýyp wakalary görkezmek bolýar. Bu bäsleşigiň üsti bilen türkmen halkynyň asyrlaryň dowamaynda kämilleşdirip kemala getiren bu milli gymmatlygynyň gaýtalanmajak ajaýyplyklary açylyp görkezildi hem-de bedew atyň gadyr-gymmaty dünýä ýaýyldy. Indi, Türkmenistan diýlende behişti bedewlerimiz göz öňüňde janlanýar. Bu günki gün behişti bedewlerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň toý-baýramlarynyň bezegine öwrüldi. Hut şeýle bolansoň ýurdumyzyň ösüşleri ýelden ýyndam bedewlerimiziň bady bilen deňelýär.

     Goý, bedew bady bilen ösüp geljegi nazarlap öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleri belende galsyn! Ýelden ýyndam behişdi bedewlerimiziň ümzügi ileri bolsun. Biziň şeýle ajaýyp zamanada parahat we asuda durmuşda ýaşamagymyz üçin ajaýyp şertleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!

 

Parahat Agylbaýew

“Daşoguzenergo” önümçilik birleşiginiň

KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy

Degişli Habarlar