TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / HAKYDA HATYRASY
HAKYDA HATYRASY
05.10.2026 Çäk birleşmeler

HAKYDA HATYRASY

  Türkmen halkynyň taryhynda aýratyn ähmiýetli seneleri bilelikde bellemek ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpdir. Nesilleriň agzybirligi we jebisligi häzirki türkmen jemgyýetinde mizemezdir. Halkymyza mahsus bolan ruhubelentlik bilen bilelikde jebislik ähli kynçylyklary hem-de ýitgileriň yzasyny hemişe ýeňip geçmäge kömek edipdir. Türkmen halky agyr ýitgilere sezewar bolanda-daб mähriban topragymyza çäksiz söýginiň, agzybirligiň, öz güýjüne ynamyň we durmuşy söýmegiň netijesinde kynçylyklary ýeňip geçmegi başarypdyrlar.

  Mundan 78 ýyl ozal tebigy betbagtçylyk Aşgabady düýbünden weýran etdi, bu pajygaly wakanyň elhenç ýatlamalary henizem halkymyzyň ýüreginde ýaşaýar. Tebigy betbagtçylyk zerarly ömür tanapy kesilen watandaşlarymyzyň atlary hakydamyzda baky galar. Güýçli sarsgyn bilen sähel pursatda türkmen paýtagtyny weýran eden şol pajygaly gijede diri galanlar batyrlyk, tutanýerlilik, gaýduwsyzlyk we çydamlylyk görkezdiler. Agyr synaglardan geçen paýtagtymyz gaýtadan dikeldildi we parahatçylygyň, asudalygyň abadançylygyň mekanyna öwrüldi. Watana wepaly gulluk etmegiň mizemez nusgasy bolanlaryň öňünde halkymyz baş egýär. Aramyzda ýaşap ýören gahrymanlar – weteranlar we söweşlerde wepat bolan esgerleriň maşgalalary uly üns-alada bilen gurşalýar. watanymyzyň azatlygy ugrunda göreşen pederlerimiziň şöhratly ýoly halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Öten-geçenleri ýatlamak dessury türkmen halkynyň gadymy ynsanperwer ýörelgeleriniň hatarynda aýratyn orun eýeleýär. Halkymyz öten-geçenleri hemişe ýatlaýar.

   Bitarap, Garaşsyz Watanymyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de 1948-nji ýylyň paýtagtymyzda ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlap Hatyra güni bellenýär. Şu sene mynasybetli, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär.

 

Orazgül Seýidowa

TKA-nyň Akdepe etrap

birleşmesiniň kätibi

Degişli Habarlar