TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ “TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖR…
03.09.2026 Çäk birleşmeler

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ “TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI” ATLY AJAÝYP ESERINE ÝÜZLENIP...

    Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp eseriniň terbiýeçilk tarapdan ähmiýeti örän uludyr. Bu eseri gaýta-gaýta okasaň-da ýene okasyň gelýär. Bu ajaýyp eseriň “Zähmetsöýerlik- gaýratlylygyň gözbaşy”, “Myhmansöýerlik”, “Dostluk asylly ýörelge”, “Ynsaplylyk”, “Agzybirlik”, “Durmuşyň kadasy- paýhas pendi”, “Ýoluňyza rowaçlyk nur saçsyn!”, “Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym” ýaly ýene-de birnäçe bölümlerinde gadymy halkymyza mahsus bolan pespällik, ahlaklylyk, asyllylyk, adamkärçilik, sagdynlyk, ruhubelentlik, agzybirlik, ynsanperwerlik, sahylyk, mertlik, watansöýüjilik, myhmansöýerlik, ene-ata hormat goýmak, dost-doganlyk arasynda ganaşyklar, mukaddeslikler, zähmetsöýerlik, aýrylmaz dostlyk gatnaşyklary, ynsaplylyk we akyl-paýhas ýaly ynsany bezeýän birnäçe gowy gylyk-häsiýetler barada söz açylýar we olaryň her birine çuňlaý kesgitleme berilýär. Tutuşlygyna alanyňda bu ajaýyp eser paýhas ummanynyň süýji suwuna ýugrulandyr. Bu eseriň “Durmuşyň kadasy- paýhas pendi” atly bölüminde akyl-paýhas barada: “Ata-babalarymyzyň, meşhur taryhy şahsyýetlerimiziň il-ulsumyza galdyran pentleri asyrlaryň gatyndan many saçýar. Adam eýýamlaryň dowamynda höküm sürüp, bir hakykaty kesgitli ykrar etdi: akyl-paýhas könelmeýär. Wagt geçýär, akyl-paýhasyň manysy dür bolup öwüşgin atýar. Il-halkymyzda akyl-paýhasly çözgütleriň durmuşdaky ähmiýetini düşündirýän tymsallaryň birnäçesi döredilipdir” diýip bellenip geçilýär. Her bölümde birnäçe çuň manyly tymsallaryň üsti bilen ynsany bezeýän ajaýyp häsiýetlere ýüzlenilýär. Mahlasy, Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserine ýüzlenip, eserde getirilýän çuň manyly jümleleri okanyňda gadymy ata-babalarymyzyň paýhasly durmuş ýörelgelerini döredip bilendigine aýdyň göz ýetirýärsiň hem-de şeýle ata-babalarymyzyň neslidigimize buýsanjyň artýar.

    Goý, Garaşsyz hemişelik baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleri öňküsinden-de belende galsyn! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, dünýä ähmiýetli işleri rowaç alsyn!

 

Parahat Agylbaýew

“Daşoguzenergo” önümçilik birleşiginiň

KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy

Degişli Habarlar