TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / ETRAPDA ILKINJILERIŇ BIRI BOLDY
ETRAPDA ILKINJILERIŇ BIRI BOLDY
23.09.2026 Çäk birleşmeler

ETRAPDA ILKINJILERIŇ BIRI BOLDY

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  pagtanyň  öndürilişini has-da artdyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bu ugurda daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin amatly şertleri, giň mümkinçilikleri döretmek, oba hojalyk ekinlerinden alynýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijilere edilýän hyzmatlary döwrebaplaşdyrmak  maksady bilen  uly işler durmuşa geçirilýar. Mähriban watanymyzyň pagtaçylygy ösdürmek, bazar ykdysadyýetiniň ýörelgelerine laýyklykda pagta çig malyny gaýtadan işleýän pudaklaryň  arasyndaky gatnaşyklary döwrebaplaşdyrmak, dünýä bazarynda pagta önüminiň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ekerançylyk medeniýetinde pagtanyň ýokary hasyl berýän senagat görnüşlerini kemala getirmek bilen bagly  öňdebaryjy tejribelerine ýokary baha  berilýar. Bagtyýarlygyň höküm sürýän, islegleriň amala aşýan ülkämizde daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi we bereketli hasyl almagy üçin zerur şertler bilen üpjün edilmegi, ylmy seçgiçilige, gowaçanyň tiz ýetişýän, ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýan etraplaşdyrylan täze sortlarynyň döredilmegi   göwün guşuňy ganatlandyrýar. Pagtaçylyk Güneşli diýarymyzyň obasenagat toplumynyň ähmiýetli pudaklarynyň biridir. Ol milli ykdysadyýetimizde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutmak, önümleriň daşary ýurtlara iberilişini artdyrmak babatda milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň tebigy howa şertleri gowaçanyň orta süýümli we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin amatly bolmagy köpleri buýsandyrýar. Tebigy pagta süýümi diýarymyzyň dokma senagaty üçin gymmatly çig maly bolup durýar.Milli  dokma senagatynyň önümleri bolsa dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Bu ulgamda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz  tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän özgertmeleriň netijesinde, obasenagat toplumynyň kuwwaty  has-da ýokarlanýar. Oba hojalyk ekinlerini suwarmaga, oba hojalyk toplumynyň tehniki binýadyny täzelemäge uly möçberde maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Gahryman Arkadagymyz 2026-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda ,,Türkmenistanda 2026-njy ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakyndaky’’ taryhy karar gol çekdi. Häzirki wagtda pagta ýygymynyň möwsümi welaýatymyzyň çar künjeginde guramaçylykly alnyp barylmak bilen Watan harmanyna bereketli ak altynyň hasylyny tabşyrmak boýunça işler üstünlikli dowam edýär.     

    Görogly  etrabynyň  gadymy we şöhratly Was ýaýlasynda ýerleşýän ,,Bedirkent’’ daýhan birleşigi 1000 gektara golaý ekerençylyk meýdanlaryny gowaça hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin peýdalanýar. Golaýda bu daýhan birleşigiň pagta kärendeçisi Baýrammyrat Gaýypalyýew altyn güýzüň ilkinji aýynyň ilkinji ongünlüginde etrabyň ýüzlerçe kärendeçileriň arasynda  ilkinjileriň biri bolup, Watan harmanyna pagta hasylyny tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamasyny üstünlikli ýerine ýetirdi. Bu ussat pagtaçy kärendeçiniň  ykbalyna şeýle ýeňiş, öňdebaryjylyk, üstünlikleriň sowlulyk tolkuny  indi üç ýyldan bäri ýaran bolup gelýär. Tejribeli  oba hojalyk ussady bu ýyl bäş gektar kärende ýerinden otuz tonnadan gowrak ak altyny Watan harmanyna tabşyryp her gektaryň hasyllylygyny 60 sentnere ýetirip, möwsümiň öňdebaryjysy hökmünde ýüzlerçe kärdeşlerine  görelde boldy. Pagta hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin meýilnamalaýyn sürüm, tekizleme, hapa-haşal otlara,  zyýan beriji mör-möjeklere garşy bioönümleri goýbermekde, tohumlaryň, mineral dökünleriň, tehniki, suw, ekin meýdanlarynda mehanizmleşdirilen, arassaçylyk işleriniň,  hasaplaşyklar üçin  bank hyzmatlaryň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine  hem-de gowaça hasylyny öz wagtynda agrotehniki talaplara isripsiz, tygşytly, netijeli  usullarda, ýokary hil görkezijilerinde  ýygnap almakda Mustafa Şajanow, Jumageldi Reýimow, Hemra Şajanow, Goçmyrat Polaýew, Azatdurdy Arazgylyjow, Otuzbaý Hojabaýew, Arazmyrat Meredow, Ýusup Amanow, Saparmyrat Gylyjow ýaly ýygymçylar, hünärmenler, oba hojalyk wekilleri gaýratly zähmet çekip uly goşant goşdular. Sahawatly sahy sähralarda edermen pagtaçylar tarapyndan kemala getirilen, Ýagşymyrat Aşyrmedow, Wepa Ýegenmedow, Döwletgeldi Kakyşow, Didar we Raşit Rejepowlar, Rejepdurdy Gaýypalyýew ýaly tutanýerli, yhlasly, joşgunly, ýadamazak mehanizatorlaryň   harmanhanalara, kabul ediş nokatlaryna  “ak altynyň” daýhan birleşigiň çäginden gündelik täze hasyllaryň ýüklenen, daşalýan kuwwatly ýük awtoulaglaryň, tirkegli traktorlaryň  uzyn hataryny göreniňde zähmet gahrymanlaryň edermenliginden, merdanalaygyndan kalbyň buýsançdan dolýar. Halallykdan, zähmetden, bagtly döwrümizden kemal tapan Baýrammyrat Gaýypalyýew bilen söhbetdeş bolanymyzda  ol: - Hormatly Prezidentimiz, Gahryman Arkadagly Serdarymyz  2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda ,,Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakyndaky’’ taryhy Karara gol çekmegi köpleriň şatlygyny artdyrdy. ,,Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakyndaky’’, ,,Salgytlar hakyndaky’’ we ,,Daýhan birleşigi hakyndaky’’ Türkmenistanyň kanunlary boýunça    daýhan bileşikleriň agzalarynyň, kärendeçileriň işiniň guralyşyna, bähbitlerine, oba hojalyk önümçiligini alyp barmaga  we zähmet, eýeçilik gatnaşyklarynyň berjaý ediliş teribinde köpsanly ýeňillikler berilýär. Kärendeçi daýhan  diýmek-giňeldilen üznüksiz önümçiligi, baý maddy-tehniki binýady, ätiýaçlyk gaznalary  kemala getirmek, ylmy ilerlemeleri, täzelikleri  durmuşa ornaşdyrmak, ýerli çig mal senagaty, maliýe işewürlerini  ösdürmek, ilata köpdürli hyzmatlary hödürlemek, ekin dolanşygyny döwrebaplaşdyrmak, bazarlara bolçulyk berýän tyllaly hazyna  diýsek ýalňyşmarys. Mähriban watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda daýhanlaryň, oba hojalyk işgärleriň netijeli zähmet çekmegi, ene toprakdan ýylyň-ýylyna ýokary hasyl alynmagy üçin zamanabap şertleri döredilip berilýär. Döwletimizde pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, daýhanlaryň ýere bolan yhlasyny artdyrmak, ýer eýeleriniň höwesli zähmet çekmeklerini gazanmak we oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan galkyndyrmak  maksady bilen pagtanyň  döwlet satyn alyş bahalarynyň galdyrylmagy  ähli işlerimiziň rowaçlanmagyna uly badalga berdi. Watana, halka hyzmat edip alkyş almak uly mukaddeslikden nyşandyr. Ýylyň ýylyna zeminiň ýyly, mähirli, gujurly, eziz, hikmetli topragyna bagrymy badaşdyryp, ykbalymyzy ýaran edinip  ýokary hasyl almagymyň binýadynda gowaça ekişi wagtynda, talabalaýyk, gysga wagtyň içinde  geçirmegimde, olara yhlasly idegimde görýärin. Şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirmegim meniň mähriban watanymyzyň täze üstünliklerine sowgadym boldy -diýip ýürek buýsanjyny buýsançly mälim etdi.

 

Dädebaý  Pälwanow

Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni,

KA-nyň etrap birleşmesiniň işjeň agzasy

Degişli Habarlar