Ene mukaddesligini hiç birzada deňäp bolmajak baýlyk hazynadyr. Ene-bu ýaşaýşyň gözbaşy. Her bir ýaşaýşy enesiz göz öňüne hem getirip bolmaýar.Ene mähri ynsanyň ruhuny baýlaşdyrýan iň uly güýçdür. Enelerimiz terbiýe meselesinde hem şahyr, hem wagyzçy, hem aýdymçy ynsan hasaplanýar.
Ata-babalarymyz zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak ýaly milli däplerini müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, mukaddeslik derejesine ýetiripdir. Ynsabna, ýaşaýşy peşgeş beren ene hemişe-de tagzym edilmeli mukaddeslikdir. Ol Watan, ýurt, toprak bilen deň derejede goýulýandyr. Eneleri begendirmek, razy etmek iň uly bagtdyr. Eneleriň ak patasy, alkyşy ýollaryňy açýan gudrat hasap edilýär. Rowaýatlara görä, gadym eýýamlarda Zemini doňaklyk gurşap alanda, dünýäni halas eden ene mähri bolupdyr. Zenan maşgalany gyzy, gelni, maşgalasy, enesi hökmünde sylamak türkmeniň asylly edebinden nyşandyr. Zenanlaryň geýnişi, edep-ekramy, eliniň süýjüligi, il-güne sylaşyklylygy hem sungat derejesine ýetirilen däplerimiziň hataryna girýär. Eli işli, mylaýymzada gyz –öýüň gelşigi, dilinden dür dökülýän, göwnünden gül eçilýän mährem eneler öýüň bereketli saçagynyň bezegidir.
Hudaýberdi Orazbaýew
Ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň başlygy