TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / DÖWÜR WE ÝAŞLAR
14.09.2026 Çäk birleşmeler

DÖWÜR WE ÝAŞLAR

   Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş neslimiziň ýagty gelejegini nazarlaýan beýik işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri, ýaramaz endiklerden daşda durmaklary ugrunda  amala aşyrylýan işler aýratyn orun eýeleýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy ýaşlarymyz üçin buýsanç we röwşen geljegiň aýdyň ýoly bolup durýar. Soňky ýyllaryň içinde ýaşlar baradaky aladalar döwlet derejesinde durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi we sazlaşykly ösüşi bilen bagly meseleler ilkinji orunda goýulýar.

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaşlary gadymdan gelýän ýörelgelere eýerip terbiýelemek, olaryň ynsanperwerlik duýgularyny ösdürmek, ata Watanymyza wepaly edip ýetişdirmek esasy ýörelgeleriň birine öwrüldi. “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň röwşen geljegi bolan ýaş nesilleri hakyky watançy ýaşlar edip terbiýelemek hakynda birnäçe işler durmuşa geçirilýär.

  Watanymyzyň, bagtyýar halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny äleme ýaýýan şeýle beýik işleriň dürmuşa geçirilýän häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlara giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaş neslimiziň geljegi üçin taýsyz tagallalary edýän hem-de ýurdumyzy beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan,  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun,beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

 Şageldi Berdiýew

Ylym we bilim işgärleirniň KA-nyň

Görogly etrap Geňeşiniň başlygy

Degişli Habarlar