TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / DÖWLETLI TOÝLARA BARÝAR, DIÝARYM
14.09.2026 Çäk birleşmeler

DÖWLETLI TOÝLARA BARÝAR, DIÝARYM

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen täze özgertmelere beslenýän döwrebap durmuş gurşawy halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny şertlendirýär, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň  ӧňdengӧrüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde soňky ýyllarda Berkarar dӧwletimiziň ӧsüşleri, ӧňegidişlikleri dünýä mӧçberinde alanymyzda hem sebitde, yklymda ilkinjileriň hatarynda durýar. Bu bolsa ilkinji nobatda Milli Liderimiziň hoşniýetlilige, ynsanperwerlige esaslanýan belent başlangyçlary esasynda amala aşýar. Başymyzy gӧk diredýän bu buýsançly ӧňegidişlikler barada milli Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň giňden bellenilýän şu ýylynyň häzirki pursatlarynda aýdyp geçmek ӧrän ýakymly. Diýarmyzyň durnukly ӧsüşini üpjün edýän ýurt Baştutanymyzyň belent başlangyçlary ähli ugurlar we ulgamlar boýunça dowam etdirilýändigi bilen aýratyn tapawutlanýar. Ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolnandan soňra geçen 35 ýylyň içinde ýetilen sepgitler seljerilip gӧrlende, dӧwlet berkararlygyny berkitmek, jemgyýetçilik gurluşyny kämilleşdirmek babatda mӧhüm wezipeler takyklandy. Ýurdumyzy ykdysady tarapdan kuwwatly dӧwlete ӧwürmek, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, ýaşaýyş şertlerini guramak boýunça uzakmӧhletleýin, giň mӧçberli ӧzgertmeler  amala aşyrylýar. Düýpli ӧzgertmeler bilen birlikde, berkarar dӧwletimiz-Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan doganlyk halklar we goňşy dӧwletler bilen ykdysady, senagat, medeniýet ulgamlary boýunça ikitaraplaýyn oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýup, ol gatnaşyklary üstünlikli dowam etdirýär.       

     Watandaşlarymyzyň her biri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  belent başlangyçlary esasynda berkarar dӧwletimizi ӧsdürip, belende gӧtermek ugrunda amala aşyryl­ýan ägirt uly işlere ӧz goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň "Dӧwlet adam üçindir!" hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen parasatly ýörelgelerine berk eýerýän eziz halkymyz Watanyň şӧhratyna şan goşmagyň belent mertebedigine gowy düşünýärler.

 

 Aşyr Berdiýew

„Daşoguzgazüpjünçilik“ müdirliginiň başga işlerden

boşadylan Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy

Degişli Habarlar