Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 28-nji awgust güni sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky Minstrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdymyzda 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine, 9-njy sentýabrda pagta ýygymyna girişmek boýunça ak pata berip, il sylagly ýaşulylarymyzdan "bisimylla" bilen güýzlik bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna girişmäga başlap bermegi haýyşt etdi. Şol asylly başlangyçlaryň esasynda şu güni goýny üç ýüz altmyş pirli Daşoguz welaýatynyň zähmetsöýer babadaýhanlary welaýat derejesinde pagta ýygymyna guramaçylykly girişildi. Şu dabara mynasybetli welaýatymyzyň Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ak altyn pellerinde baýramçylyk çärelesi geçirildi. Çäräniň geçiriljek ýeri toý lybasyna bürenip, bu ýerde köp öwüşgünli sergiler giňden ýaýbaňlandyryldy, toý gazanlary atarlyp milli tagamlarymyzyň birnäçe görnüşleri taýýarlandy. Gelin-gyzlarmyzyň üme dessuryny berjaý etmekligi, agaç we demir ussalaryň iş pursatlarynyň görkezilmegi, dürli kuwwatly tehniklaryň, olaryň tirkeg gurallarynyň, tohumlaryň, oba hojalygynda ulanylýan himiki serişdeleriň we beýleki önümleriň sergilerine dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen tomaşa etdiler. Soňra il sylagly ýaşulylaryň bissimillasy bilen pagta ýygymyna girişildi. Bu ýerde welaýat medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň aýdym-sazly çykyşlary, folklor toparynyň sahna oýunlary çäräniň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy.
Soňra bu dabaralar Köneürgenç etrabyndaky Pagta arassalaýjy kärhanada dowam etdi. Bu kärhana “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at myradyň mekany” ýylynyň ilkinji pagta tonnalary getirilip watan harmanyna tabşyryldy. Pagta arassalaýjy kärhanada şu mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Çäräniň geçiriljek ýeri baýramçylyk ruhyna kybap derejede bezelip, ýaşyl tugymyzyň al asmana erkana pasyrdaýşy, köp öwüşgünli sergileriň giňden ýaýbaňlandyrylmagy, aýdym-sazyň hoş owazynyň belentden ýaňlanmagy, joşgunly tanslaryň, folklor toparynyň sahna oýunlarynyň görkezilmegi çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Sergilerde gelin-gyzlarymyzyň el-işleriniň, milli şaý seplerimiziň, dokma we ýüplik önümleriniň, oba-hojalygyna degişli bolan däneleriň, oba hojalygynda ulanylýan gurallaryň, himiki serişdeleriň, azyk önümleriniň dürli görnüşleriniň sergilerini bu ýere ýygnananlar örän ruhybelentlik bilen synladylar. Bu köp öwüşgünli sergiler geçen sanlyja ýyllaryň içinde ýurdymyzda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri açyp görkezdi. Soňra il sylagly ýaşulylar, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, öňdebaryjy kärendeçiler çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda peder ýolyny mynasyp derejede dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdymyzyň ähli pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlandyrmak, oba hojalykçylaryň, kärendeçileriň işlemekligi bereketli türkmen topragyndan bol hasyl ösdürip ýetişdirmekligi üçin döredilýän şertler, mümkinçilikler barada giňişleýin aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Çäräniň dowamynda welaýatymyzyň öňdebaryjy kärendeçilerini hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşyryldy. Dabara aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi. Welaýatymyzyň tanymal bagşy sazandalary estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirip, ajap döwrimizi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň rowaç işlerini, päk zähmeti wasp etdiler. Soňra dabara gatnaşanlar ýylda 40 müň tonna gowaça çigidini gaýtadan işlemäge ukyby bolan pagta arassalaýjy kärhanany aýlanyp gördüler. Bu ýerde kärendeçileriň yhlasly zähmetleriniň netijesinde kemala gelen ak-altyn hasyly senagat taýdan gaýtadan işlenip taýýar çig mal görnüşine getirilýär. Kärhanada ähli işler awtomatik usulda berjaý edilip, kompýuterler esasynda dolandyrylýar, işgärleriň işlemekligi üçin ähli amatly şertler döredilen. Munuň özi ak-altyn hasylyny gysga wagtda senagat taýdan gaýtadan işlenilip, egriji fabriklerimiziň ýeterlik mukdarda çig mal bilen üpjin edilmegine mümkinçilik berer. Bular bilen giňişleýin tanyşan dabara gatnaşyjylar ýurdymyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna çyn ýürekden hoşallyk sözlerini berýan etdiler. Şu gün welaýatymyzyň ähli etraplarynda pagta ýygymyna girişildi.
Harmanyňyza bereket, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Harmanyňyza bereket, edermen babadaýhanlar!
Çary ANNABAÝEW
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Köneürgenç etrap birleşmesiniň baş hasapçysy