“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myardyň mekany” ýylynda Türkmenistanyn Halk Maslatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde, Arkadagly Ghryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda üstünlikli geçirilen Halk Maslatynyň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri berkitmek bilen bagly wezipeleri, öňe sürülen teklipler olar boýunça degişli çözgütler hakynda etrabymyzyň çäklerinde hem dabaraly maslahatlar geçirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde garalan möhüm resminamalardan ýagny:
BMG-niň Baş Assambleýasynyň “2028-nji ýyl –Halkara hukukygynň ýyly” atly Kraranamasyny durmuşa geçirmek hem-de Türkmenistanyň daşary syýasatynyň halkara-hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen “Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” atly milli Konsepsiýa:
Türkmenistanyň adam hukuklary we azatlyklaryny kepillendirmegiň, üpjün etmegiň hem-de goramagyň döwlet ulgamyny pugtalandyrmak, şeýle hem BMG we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, adam hukuklary ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin, “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026-2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy” tassyklanyldy. Arassa ganly ahalteke bedewleriň gnofondyny gorap saklamak maksady bilen, “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek we kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen, Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli döwlet Maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy. Ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek maksady bilen, “Türkmenistany Senagat taýdan ösdürmegiň 2030-2045-nji ýyllar üçin milli Strategiýasy” Gol çeken resminamalarda degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we ýerli häkimlere göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuş derejesiniň üpjün edilmegine, ýurdumyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen beýik işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!
Goçmyrat Çörliýew
TKA-nyň Gubadag etrap
birleşmesiniň başlygy