TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / BEÝIK IŞLERE BADALGA
BEÝIK IŞLERE BADALGA
25.09.2026 Çäk birleşmeler

BEÝIK IŞLERE BADALGA

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýyly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyzyň, halkymyzyň durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalara beýik zähmet ýeňişlerine beslenýär. Bu babatda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna gabat gelen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at myradyň mekany” ýylynyň hem öz mynasyp ornuny eýeleýändigi örän guwandyrýar. Şu ajaýyp ýylymyzda hem Garaşsyz ýurdumyz uly wakalaryň, toý-baýramçylyklaryň her birimiziň kalbymyzda uly buýsanç, çäksiz joşgun döredýändigini bellemek ýakymlydyr.

   Golaýda, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda uly üstünlikler bilen geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mežlisi hem olaryň biri bolup, taryhyň sahypalaryndan baky orun aldy. Bu mežlisde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşlarynda aýdylanlar watandaşlarymyzyň ählisiniň ünsüni çekdi diýsek ýalňyş bolmaz. Çünki olar Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşda, has-da eşretli, abadan günleriň gujagynda ýaşamagy ugrundaky çäksiz tagallalar, maksatnamalaýyn wezipeler bilen baglanşykly bolup, örän giň gerimi öňdengörüjilikli, ynsanperwerlikli ýörelgelere eýerýär. Belli bolşy ýaly Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlisde eden çuň manyly çykyşynda ýurdumyzda geçen döwürde amala aşyrylan işler bilen bir hatarda ýakyn wagtlar üçin meýilleşdirilýän wezipeler hakynda-da durup geçdi. Ata Watanymyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlary bolan oba hojalyk, senagat, gurluşyk we beýleki pudaklaryny ösdürmeklige gönükdirilen şeýle derwaýys çäreleriň halkymyzyň geljeginiň has-da röwşen bolmagyny nazarlaýar.

  Hormatly Prezidentimiz olar hakynda aýdanlarynyň, öňde goýan wezipeleriniň hatarynda Aşgabat-Daşoguz gatnaw ýolunyň durkuny täzelemek, Daşoguz şäherinde ösümlik ýag zawodynyň, welaýatymyzyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde azotly dökünler kärhanasynyň gurluşygyna ýakyn wagtlarda badalga berilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýratyn bellemegi welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň ruhuny belende göteren waka öwrüldi. Sebäbi olaryň bina edilmegi ildeşlerimiziň dogan-garyndaşlyk gatnaşyklarynyň has hem ýygjamlanmagyna azyk önümlerine bolan islegleriniň doly kanagatlandyrylmagyna, ene toprakdan bol hasyl almaklary  üçin zerur bolan dökün serişdeleriniň köp öndürilmegine ýardam berer. Tutuş ýurdumyzyň, şol sanda welaýatymyzyň senagat taýdan ösdürilmegi, oba hojalyk pudagynyň ýokary göterilmegi, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi hemmämiziň geljegimiz üçin örän ähmiýetlidir.

   Nygtap geçişimiz ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu mejlisi hem il-ýurt bähbitli maksatnamalarynyň, taslamalaryň taýýarlanylmagynda, ara alnyp maslahatlaşylmagynda, olara badalga berilmeginde möhüm ädim boldy. Şoňa görä-de ol halkymyzyň arasynda uly gyzyklanma, çäksiz hoşallyk duýgularyny döretdi. Şeýle işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak,tutýan il bähbitli tutumlary hemişe rowaç bolsun!

 

Kakamyrat RAHMEDOW

«Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň

KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy

Degişli Habarlar